«C5+O.N.E.» maksatnamasy iňlis dili bilimini pugtalandyrmak boýunça Başinji tapgyryny işe girizdi

MilliInfo

1 Oktýabr, 2025

«C5+Opening Networks through English» (C5+O.N.E.) maksatnamasy resmi taýdan Merkezi Aziýa sebitinden bolan döwlet edaralarynyň, hususy pudagyň we hökümete degişli bolmadyk guramalaryň 700 wekilini özünde jemleýän Bäşinji tapgyryň başlanandygyny habar berdi. Maksatnamanyň açylyş dabarasy 17-nji sentýabrda bolup geçdi. Ol ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýär. Çäräniň açylyş dabarasynda ABŞ-nyň Gyrgyzystan Respublikasyndaky, Täjigistandaky, Özbegistandaky we Türkmenistandaky ilçileri çykyş etdiler.

Maksatnamanyň täze tapgyryna Merkezi Aziýanyň döwlet edaralaryndan, işewürlik ulgamyndan, jemgyýetçilik guramalaryndan we KHBS-den bolan 700-den gowrak adam gatnaşýar. Olar «Ykdysadyýet üçin iňlis dili» okuwyny özleşdirýärler, amerikan hünärmenleri bilen gürrüňdeş bolýarlar we professional gatnaşyklary ösdürýärler. Bäşinji tapgyryň täze gatnaşyjylary 800-den gowrak hünärmenden ybarat bolan maksatnamanyň öňki uçurymlarynyň ulgamyna goşularlar.

Halkara bilimi boýunça Amerikan Geňeşleri tarapyndan durmuşa geçirilýän «C5+O.N.E.» maksatnamasy sebitiň iňlis dili boýunça bilimini pugtalandyrmakda möhüm wezipäni ýerine ýetirer. Maksat — sebitleýin integrasiýany, hünär taýdan hyzmatdaşlygy we ABŞ bilen ykdysady gatnaşyklary giňeltmek.

Açylyş dabarasyna ABŞ-nyň Gyrgyzystandaky, Täjigistandaky, Türkmenistandaky we Özbegistandaky ilçilerinden başga-da, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň we Amerikan Geňeşlikleriniň wekilleri gatnaşdylar. ABŞ-nyň Gyrgyzystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Lesli Wigeri öz çykyşynda şeýle diýdi:

«Iňlis dili – ykdysady ösüşiň geljeginiň dili. Bu dünýä söwdasynyň, maglumat tehnologiýalarynyň, ylmyň we gözlegleriň dili. Men sizi bu mümkinçilikden doly peýdalanmaga we iňlis dilini geljegiňiziň bir bölegine öwürmäge çagyrýaryn».

ABŞ-nyň Gyrgyzystandaky ilçihanasynyň Medeniýet boýunça geňeşçisi Jeff Bunting bolsa bu tapgyryň ähmiýetine ünsi çekip, onuň ABŞ bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda döredilen diplomatik platformanyň — «C5+1-iň» döredilmeginiň 10 ýyllygy bilen gabat gelýändigini aýtdy:

«C5+O.N.E.» maksatnamasy «C5+1-iň» maksatlaryny durmuşa geçirýär. Ol Merkezi Aziýanyň bäş ýurduny ABŞ bilen birleşdirip, ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrýar, energiýa çeşmeleriniň ösüşine ýardam berýär we howpsuzlyk meselelerini çözýär».

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info