13–17-nji iýul aralygynda Moskwada halkara teatr hyzmatdaşlygynyň günleri geçiriler. Bu çäräniň çäginde daşary ýurtly sungat işgärleri we medeniýet ulgamyndaky döwlet edaralarynyň hünärmenleri professional derejedäki tejribelik okuwyny geçip bilerler.
Maksatnamanyň çäginde pudagyň öňdebaryjy hünärmenleri bilen tegelek stol duşuşyklary, iş maslahatlary, şeýle hem Russiýanyň Medeniýet ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň, Teatr işgärleriniň birleşiginiň we «Россотрудничество» guramasynyň ýolbaşçylary bilen resmi duşuşyklar geçiriler. Gatnaşyjylar Moskwanyň iň gowy teatr sahnalaryna baryp görmek hem-de paýtagtyň möhüm medeni ýerleri boýunça tematiki gezelençlere gatnaşmak mümkinçiligine eýe bolarlar.
Dalaşgärlerden edilýän talaplar: 18–40 ýaş aralygy, daşary ýurt raýatlygy we iňlis dilini erkin bilmek. Taslama «Täze nesil» maksatnamasynyň çäginde «Россотрудничество» guramasynyň goldawy esasynda, Russiýa Federasiýasynyň Teatr işgärleriniň birleşigi bilen bilelikde amala aşyrylýar.
Gatnaşmak we goşmaça maglumat almak üçin Rus öýüniň elektron salgysyna ýüz tutmaly. Arzalar 1-nji iýuna çenli kabul edilýär.