Beýik Britaniýanyň ilçihanasy dalaşgärleri 2027-2028-nji okuw ýyly üçin «Chevening» talyp hakly maksatnamasyna çagyrýar

MilliInfo

1 sagat öň

Beýik Britaniýanyň ilçihanasy dalaşgärleri 2027-2028-nji okuw ýyly üçin «Chevening» talyp hakly maksatnamasyna çagyrýar

Beýik Britaniýanyň ilçihanasy dalaşgärleri 2027-2028-nji okuw ýyly üçin «Chevening» talyp hakly maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» elektron gazeti habar berýär.

Maksatnama Beýik Britaniýanyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýär we Birleşen Patyşalykda dürli ugurlar boýunça bir ýylyň dowamynda magistr derejesini almaga mümkinçilik berýär (mugallymlary taýýarlamak we iňlis dilini öwrenmek boýunça kurslar muňa degişli däldir). Talyp haky ulag çykdajylaryny, şeýle hem ýaşaýyş we okuw töleglerini öz içine alýar. Ýeňiji bolan dalaşgärler öz hünär ýolunyň (karyerasynyň) başlangyjynda ýa-da ortasynda bolmaly we iňlis dilini kämil derejede bilmeli.

Isleg bildirýänleriň ählisi özlerine hususy login we parol döretmek arkaly www.chevening.org/apply web saýtynda elektron anketalary doldurmaly.

Internetde anketany dogry doldurmak barada has giňişleýin maglumaty ýokarda görkezilen web saýtdan, Beýik Britaniýanyň ilçihanasynyň saýtyndan: https://www.gov.uk/government/world/turkmenistan ýa-da Facebookdaky www.facebook.com/ukinturkmenistan hem-de Instagramdaky @ukinturkmenistan sahypalaryndan alyp bilersiňiz.

Islendik sowallar boýunça Beýik Britaniýanyň ilçihanasy bilen şu elektron salgy arkaly habarlaşyp bilersiňiz: ukembassy.ashgabat@fcdo.gov.uk.

Anketalar internetde doldurylyp, 2026-njy ýylyň 6-njy oktýabryna çenli tabşyrylmalydyr.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info