«Maryawtoulag» önümçilik birleşigi tomusky dynç alyş möwsüminde raýatlar, aýratyn hem, çagaly maşgalalar üçin ajaýyp mümkinçilikleri döredýär. Kärhana tarapyndan ýola goýlan täze hyzmat arkaly indi meşhur «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna gitmek has-da ýeňilleşdi. Şeýlelikde, dynç almaga barýan ýolagçylar sargyt esasynda amala aşyrylýan «Mary — Awaza» ugry boýunça ýörite awtoulag hyzmatyndan doly peýdalanyp bilerler. Bu bolsa syýahatçylara ýoluň ugrunda ýurdumyzyň gözel tebigatyny ulagyň içinden synlamaga we gezelenji gyzykly geçirmäge şert döredýär.
Ýolagçylaryň uzak aralyga amatly hem-de doly howpsuz şertlerde barmagyny üpjün etmek maksady bilen, döwrebap «Toyota Hiace» kysymly mikroawtobuslar hyzmata hödürlenilýär. Ýolda ýokary amatlylygy we rahatlygy kepillendirýän bu ykjam awtobuslaryň bir sagatlyk kärende bahasy 115 manat diýlip bellenildi. Amatly nyrhlar we döwrebap şertler maşgala syýahatynyň ýatda galyjy hem-de bökdençsiz bolmagyna ýardam edýär.
Deňiz kenaryndaky dynç alşyňyzyň şowly we gyzykly guramaçylygyny öňünden sargytlary resmileşdirmek arkaly amala aşayryp bilersiňiz. Bu bähbitli awtoulag hyzmatlary barada has giňişleýin maglumat almak hem-de ýerleri sargyt etmek isleýän raýatlar kärhananyň ýörite telefon belgisi arkaly habarlaşyp bilerler. Gyzyklanma bildirýän müşderiler +993 522 67263 belgisine jaň edip, öz sargytlaryny ýazdyryp bilerler.
