«Samsung» kompaniýasynyň önümçiligini emeli intellekt tehnologiýasy dolandyrar

MilliInfo

2 Noýabr, 2025

«Samsung» we «Nvidia» kompaniýalary özara hyzmatdaşlygy giňeltdiler hem-de «Nvidia» şereketiniň köp sanly çaltlandyryjy tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan emeli intellekt zawodyny döretmek taslamasyny yglan etdiler.

Bu ýerde gürrüň «Samsung» kompaniýasynyň maglumatlary gaýtadan işlemek merkezi barada barýar. Bu merkezde emeli intellekt üçin niýetlenen 50 müň sany çaltlaşdyryjy gurlar. Olar «Blackwell» ulgamynyň iň täze nesil modelleridir. «Samsung» tarapyndan hödürlenen beýannama görä, bu ulgam kompaniýanyň emeli intellekti ähli önümçilik tapgyrlaryna ornaşdyrmagyna mümkinçilik berer. Netijede bu çemeleşme täze önümleriň — smartfonlardan başlap, täze kiçi göwrümli çiplere çenli ähli enjamlaryň işlenip taýýarlanyşyny has-da çaltlaşdyrar.

«Samsung» kompaniýasynyň wekilleriniň belleýşi ýaly, täze döredilýän bu zawod arkaly şereket öz önümçilik tapgyrlaryny utgaşdyrylan akylly ulgamda integrirlemegi niýet edinýär. Bu ulgamda emeli intellekt önümçilik gurşawyny yzygiderli seljerer, çaklar we optimizirlär — ähli amallary hakyky wagt tertibinde gözegçilikde saklar hem kämilleşdirer.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo