Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda energiýa sarp edilişi nola golaý bolan binalary taslamalaşdyrmaga we gurmaga bagyşlanan amaly okuw maslahatlarynyň tapgyry geçirildi. Bu çäre BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM), Global ekologiýa gaznasynyň (GEG) we Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde guraldy.
Duşuşyklaryň dowamynda talyplar we mugallymlar ýaşaýyş jaýlary hem-de jemgyýetçilik desgalary üçin halkara «ýaşyl şahadatnamalaryny» almagyň ölçeglerini öwrendiler, ýerli howa şertlerini nazarda tutup, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary gözden geçirdiler hem-de ýurduň gurluşyk pudagyna energiýa netijeli çözgütleri ornaşdyrmak barada pikir alyşdylar.
Bilermenler hünärmenleriň täze neslini — desgalary işläp düzmegiň başlangyç tapgyrlarynda ekologik taslamalaşdyryş konsepsiýalaryny utgaşdyrmaga ukyply binagärleri we inženerleri taýýarlamaga aýratyn üns berdiler. Gatnaşyjylar ýylylyk ýitgisini azaltmak, serişdeleri tygşytly ulanmak we şäher gurşawyna dikeldilýän energiýa çeşmelerini ornaşdyrmak boýunça amaly mysallary (keýsleri) öwrendiler.
TDBGI-niň binalarynyň täze toplumy bu standartlaryň durmuşa geçirilmeginiň aýdyň mysaly hökmünde çykyş edýär. Bu toplum ozal BMGÖM-niň hemişelik wekili Narine Saakýan tarapyndan alty sany halkara «Ýaşyl şahadatnama» bilen sylaglanypdy.
