BMGÖM we «Ýaş Tebigatçy» Balkan welaýatynyň ýaşlary üçin ekologik okuw maslahatyny gurady

MilliInfo

2 Iýun, 2026

1-nji iýunda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) we «Ýaş Tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy «Deňiz hapalaryna we deňiz plastiklerine garşy göreşmek — Hazar deňzine ulgamlaýyn çemeleşme» atly sebitleýin taslamanyň çäginde howanyň üýtgemegi barada, ýaşlaryň bilimini artdyrmak  we olaryň ekologiýa aýawly çemeleşmek barada habarlylygyny ösdürmek boýunça okuw maslahatyny geçirdi. Türkmenbaşy şäherinde geçen okuw maslahaty, ekologiýany goramak bilen meşgullanýan hünärmenleri, welaýat we şäher häkimlikleriniň wekillerini, şeýle hem jemgyýetiň ýerli wekillerini bir ýere jemledi.

Bu başlangyç ýaşlaryň deňizleriň hapalanmagy we oňa garşy göreşmek barada habarlylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirildi. Howanyň üýtgemegi barada habarlylygy ýokarlandyrmak we sebitde howanyň üýtgemegi barada ýaşlaryň bilimini ösdürmek boýunça BMGÖM-niň sebitleýin başlangyjy bolan «Howa gutusy» maksatnamasyny wagyz etmek okuw maslahatynyň möhüm bölegi boldy. «Howa gutusy» maksatnamasy Russiýa Federasiýasynyň ekologiýa gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýär. Umuman, okuw maslahaty ekologiýa aýawly çemeleşmek boýunça bilimi artdyrmak hem-de  Hazar deňziniň sebitleriniň hapalanmagynyň öňüni almak üçin amaly hereketleriň arabaglanyşygyny güýçlendirdi.

Okuw maslahatynda durnukly sarp ediş meselelerine, şeýle hem howa bilimine, galyndylary dolandyrmaga we serişdeleri jogapkärli ulanmaga täze çemeleşmelere seredildi. Okuw maslahatyna gatnaşyjylar Turkmenistandaky daşky gurşaw işleri barada höweslendiriji wideo şekillere tomaşa etdiler, ýaşlary ekologiýa we meýletinçi başlangyçlaryna çekmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de howanyň üýtgemegi barada bilime innowasion çemeleşmeleri we amaly işleri öwrendiler.

***

2026-njy ýylyň fewral aýynda BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw maksatnamasy (UNDEP), Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça çarçuwaly konwensiýanyň sekretariaty we Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen hyzmatdaşlykda başlanan «Deňiz hapalaryna we deňiz plastiklerine garşy göreş — Hazar deňzinde ulgamlaýyn çemeleşme» atly sebitleýin taslama Russiýa Federasiýasy tarapyndan maliýeleşdirilýär we Azerbaýjanda, Eýranda, Gazagystanda we Türkmenistanda amala aşyrylýar.

Taslamanyň esasy ünsi deňziň gury ýer üsti arkaly hapalanmasyna gönükdirilendir. Bu başlangyç Hazarýaka döwletleriniň dowam edýän tagallalaryna laýyk gelýär we Tähran konwensiýasynyň tejribesine, şol sanda onuň Gury ýerdäki hapalanma çeşmeleri baradaky ylalaşygynyň we Strategik hereket maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine esaslanýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info