Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen bilelikde «Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin meýdança, IV tapgyr» atly bilelikdäki taslamanyň çäklerinde Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM) ýerli derejede ornaşdyrmak (lokalizasiýa etmek) boýunça amaly maslahatlaryň tapgyryny geçirdi.
Okuw maslahatlary Mary, Lebap we Daşoguz welaýatlarynda, şeýle hem Türkmenbaşy şäherinde geçirildi. Olaryň maksady Durnukly ösüş maksatlaryny ýerli derejede ornaşdyrmagyň netijeli mehanizmlerini kemala getirmäge goldaw bermekden hem-de durnukly ösüşiň milli ileri tutulýan ugurlaryny sebitleriň durmuş-ykdysady aýratynlyklaryna uýgunlaşdyrmaga ýardam etmekden ybaratdyr.
Çäreler interaktiw tertipde guralyp, DÖM-i ýerli derejede ornaşdyrmagyň usulyýeti boýunça tanyşdyrylyşlary, amaly maşklary, sowalnamalary we toparlaýyn çekişmeleri öz içine aldy. Her sebitde häkimliklere, Maliýe we ykdysadyýet ministrligine, ugurdaş döwlet edaralaryna we müdiriýetlerine, şeýle hem bilim edaralaryna, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine hem-de jemgyýetçilik guramalaryna wekilçilik edýän 19 hünärmen gatnaşdy.
Sebit derejesinde DÖM-iň ileri tutulýan wezipelerini we indikatorlaryny (görkezijilerini) kesgitlemäge aýratyn üns berildi. Amaly duşuşyklaryň dowamynda gatnaşyjylar öz sebitleriniň durnukly ösüşiniň esasy ugurlaryna seredip geçdiler we geljekki meýilnamalaşdyrmakda, dolandyryş çözgütlerini kabul etmekde hem-de ösüşe gözegçilik etmekde (monitoringde) göz öňünde tutulyp bilinjek möhüm meseleleri kesgitlediler.
Geçirilen bu maslahatlar 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş babatda Gün tertibini durmuşa geçirmegiň milli we sebit mehanizmlerini berkitmek boýunça BMGÖM-iň we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň yzygiderli tagallalarynyň bir bölegi boldy. Ýerli derejede hünär başarnyklaryny ösdürmek we sebit institutlaryny bu işe çekmek DÖM-iň has ulgamlaýyn ornaşdyrylmagy hem-de gözegçilik edilmegi, şeýle hem milli ileri tutulýan ugurlaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam bermek üçin ygtybarly binýat döredýär.
