BMGÖM we Türkmenistanyň Bilim ministrligi adam maýasyny ösdürmek taslamasyna badalga berdi

MilliInfo
BMGÖM we Türkmenistanyň Bilim ministrligi adam maýasyny ösdürmek taslamasyna badalga berdi

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) we Türkmenistanyň Bilim ministrligi ugurdaş edaralaryň hem-de halkara bilermenleriniň gatnaşmagynda täze bilelikdäki taslamanyň çägindäki ilkinji duşuşygy geçirdi.

Çärede demografik meýilleri, bilimi, başarnyklary kämilleşdirmegi we zähmet bazarynyň isleglerini özara baglanyşdyrýan bitewi ulgamy döretmäge gönükdirilen başlangyjyň synag tapgyryna badalga berildi.

Taslamanyň çäginde maglumatlary derňemek we uzak möhletleýin meýilleşdirmek babatda döwlet edaralarynyň kuwwatyny pugtalandyrmak, şeýle hem hünärmenlere bolan geljekki islegler boýunça forsaýt-çaklamalary düzmek üçin maglumatlary toplamak meýilleşdirilýär. Häzirki çemeleşmeleri we özara gatnaşyklaryň gurallaryny bahalandyrmak maksady bilen halkara bilermenler esasy ministrlikler bilen birnäçe geňeşmeleri geçirerler.

BMGÖM-iň Hemişelik wekili Narine Saakýan ýurduň ilatynyň ýaş düzüminiň ösüş üçin ajaýyp mümkinçilikleri döredýändigini belläp, taslamanyň esasy maksadynyň hil taýdan gowy bilim, innowasiýalar we mynasyp iş orunlaryny döretmek arkaly bu mümkinçiligi goldamakdan ybaratdygyny aýtdy. Bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew bolsa bu başlangyjyň anyk seljermelere esaslanyp, ykdysadyýet üçin zerur bolan hünärmenleri öňünden taýýarlamakda amaly gural boljakdygyny nygtady.

Taslama Türkmenistanyň milli ileri tutulýan ugurlaryna, şol sanda 2026–2052-nji ýyllar üçin ýokary hünär bilimini ösdürmegiň Strategiýasyna doly laýyk gelýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info