BMGÖM bilen bilelikde biologik köpdürlüligi goramak we BKK boýunça hasabatlylygy taýýarlamak barada okuw maslahaty geçirilýär

MilliInfo

2 Sentýabr, 2026

BMGÖM bilen bilelikde biologik köpdürlüligi goramak we BKK boýunça hasabatlylygy taýýarlamak barada okuw maslahaty geçirilýär

Aşgabatda BMGÖM-niň we Global ekologik gaznasynyň (GEG) Biologik köpdürlüligi gorap saklamak boýunça milli strategiýalary we hereketleriň meýilnamalaryny (MSHM) täzelemek hem-de Biologik köpdürlülik baradaky Konwensiýa (BKK) boýunça Ýedinji milli hasabaty taýýarlamak baradaky Global maksatnamasynyň çäklerinde milli okuw maslahaty geçirilýär. Bu çäre Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylýar.

Maslahatyň esasy maksady Türkmenistanyň 2026–2035-nji ýyllar üçin biologik köpdürlüligi gorap saklamak boýunça Milli strategiýasynyň we hereketleriň meýilnamasynyň taslamasyny hödürlemekden we ara alyp maslahatlaşmakdan, şeýle hem BKK boýunça ýurduň hasabatlylygyny taýýarlamak işinden ybaratdyr.

Iki günlük maslahatyň işine dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, şol sanda Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, beýleki degişli edaralaryň, ylmy institutlaryň agzalary, hususy pudagyň we raýat jemgyýetiniň wekilleri gatnaşýarlar. Şeýle giň wekilçilik biologik köpdürlüligi gorap saklamaga we Biologik köpdürlülik boýunça global çarçuwaly maksatnamany (BGÇM) netijeli durmuşa geçirmek üçin şertleri döretmäge ähli taraplaryň çekilmeginiň möhümdigini görkezýär.

Bu ýerde gatnaşyjylara Türkmenistanyň 2026–2035-nji ýyllar üçin täzelenen MSHM taslamasy, şeýle hem BKK boýunça milli borçnamalaryň çäklerinde taýýarlanan hasabatlar: BKK boýunça 7-nji Milli hasabat, Biologik howpsuzlyk boýunça Kartahena teswirnamasy boýunça hasabat we Genetiki serişdelere elýeterlilik baradaky Nagoýa teswirnamasy boýunça hasabat hödürlenildi.

Maslahatyň esasy wezipeleriniň biri-de Türkmenistanyň 2026–2035-nji ýyllar üçin täzelenen MSHM taslamasy bilen öňünden tanşan dürli hyzmatdaşlardan pikirleri, teswirleri we teklipleri toplamak boldy. Alnan teswirler we teklipler seljeriş materiallaryny kämilleşdirmek üçin ulanylar hem-de degişli milli hyzmatdaşlar bilen ylalaşyljak we geljekde BKK-nyň Sekretariatyna beriljek jemleýji resminamanyň esasy bolar.

«Biologik köpdürlüligi gorap saklamak diňe bir ekologik mesele däl-de, eýsem, durnukly ösüşiň binýadydyr. BMGÖM/GEG maksatnamasy BGÇM-niň wezipelerini milli meýilnamalara integrirlemek üçin zerur bolan tehniki we maliýe goldawyny berer. Hyzmatdaşlygymyzyň Türkmenistana öz halkara borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmäge we planetanyň tebigatyny gorap saklamaga uly goşant goşmaga mümkinçilik berjekdigine ynanýaryn» — diýip, BMGÖM-niň Türkmenistandaky ekologiýa portfeliniň maksatnama seljerijisi Farhat Orunow belledi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info