Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi we Döwletara suw hojalygyny utgaşdyrmak toparynyň Ylmy-maglumat merkezi bilen bilelikde FAO-nyň «CROPWAT 8.0» programma toplumyny ulanmak boýunça okuw treningini geçirdi.
Çäre Aral deňziniň basseýninde ýer serişdelerini durnukly dolandyrmaga gönükdirilen Ählumumy ekologiýa gaznasy (ÄEG) tarapyndan maliýeleşdirilýän taslamanyň çäklerinde geçirildi.
Okuwlara agronomlar, gidrotehniki inženerler hem-de degişli ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary gatnaşdylar. BMGÖM-niň bilermenleri Türkmenistanyň agroklimatiki şertlerini nazara alyp, FAO-nyň usulyýetine esaslanýan sanly platformany ýörite uýgunlaşdyrdylar we oňa milli maglumatlary girizdiler. Bu gural oba hojalyk ekinleriniň suw zerurlygyny takyk hasaplamaga hem-de suwarmagyň tertibini has netijeli meýilleşdirmäge mümkinçilik berýär. Ulgamyň amaly netijeliligi Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda 86 müň gektardan gowrak meýdanda geçirilen gidromodul zolaklaşdyrmasynyň dowamynda tassyklandy.
Okuw maksatnamasynyň çäklerinde, şeýle hem, soňra suw sarp edilişini hasaplamagyň sanly usullaryny ýokary okuw mekdepleriniň okuw maksatnamalaryna ornaşdyrmak üçin mugallymlary taýýarlamaga aýratyn üns berildi.
Bu başlangyç suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak ulgamynda milli mümkinçilikleri pugtalandyrmaga, şeýle hem oba hojalyk pudagynyň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyna we ýurduň azyk howpsuzlygynyň berkarar edilmegine ýardam etmäge gönükdirilendir.
