Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Türkmenistanda «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy we beýleki hyzmatdaşlar bilen bilelikde howa çözgütleri we ekologiýa innowasiýalary boýunça ýaşlar konferensiýasyny geçirdi. Konferensiýa ýaş işjeňleri, ekologlary, ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny we ýaş hünärmenleri howa meselelerine innowasion çözgütleri gözlemek üçin bir ýere jemledi.
Konferensiýa 24-nji oktýabrda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylym-tehnologiýa parkynda geçirildi we pikir alyşmak, ýolbaşçylyk ukyplaryny ösdürmek, şeýle hem durnukly ösüş maksatlary üçin sanly tehnologiýalary, ylmy we inžener innowasiýalaryny ulanmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin ähmiýetli meýdança öwrüldi. Mowzuk sessiýalarynda gatnaşyjylar ekologiki diplomatiýanyň gurallary bilen tanyşdylar we ýaşlaryň global howa maksatlaryna ýetmäge ýerli derejede nähili goşant goşup biljekdigini ara alyp maslahatlaşdylar.
Maslahat iki başlangyjyň çäklerinde guraldy: Türkmenistanyň Howanyň üýtgemegi baradaky BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasyna (BMG HÜÇK) laýyklykda Howanyň üýtgemegi barada Bäşinji milli habarnamasyny taýýarlamak boýunça BMGÖM/ÝUNEP taslamasynyň we Russiýa Federasiýasynyň maliýe goldawy bilen amala aşyrylýan BMGÖM-niň hem-de BMG-niň Daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasynyň (ÝUNEP) «Deňiz hapalary we deňiz plastmassalary bilen göreşmek – Hazarda ulgamlaýyn çemeleşme» sebitleýin taslamasynyň çäklerinde.
Çäre Birleşen Milletler Guramasynyň Gününe gabatlanyp geçirilen beýleki ýaşlar we ekologiýa çärelerinden ybarat maksatnamanyň biri boldy. Maksatnama ekologiki bilimlendirmäni, sagdyn durmuş ýörelgesini ündeýän başlangyçlary we medeni alyş-çalşygy birleşdirdi.
22-nji oktýabrda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Ýaşyl miras» çäresi geçirildi. Gatnaşyjylar agaç ekip, ýerli ekosistemany saklamaga we ýerleşilýän ýeri gögaltmaga amaly goşant goşdular.
23-nji oktýabrda bolsa «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 15 ýyllygy» seýilgähinde «Run Rush» ylgaýjylar jemgyýetiniň goldawy bilen ýaşlaryň ekologiki marafony geçirildi. Çäre sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge we gatnaşyjylarda daşky gurşawa has jogapkärli garaýşy ündemäge gönükdirildi.
Agzalan çäreleriň hemmesi Global ekologiýa gaznasy (GEG) tarapyndan maliýeleşdirilýän BMGÖM-niň «Energiýa tygşytlaýjy we durnukly gurluşyk pudagyna tarap kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny kämilleşdirmek arkaly Türkmenistanyň milli kuwwatyny ösdürmek (TEESB)» taslamasynyň goldawy bilen geçirildi.
