BMGÖM durnukly sanly özgeriş üçin emeli aň ulgamynda Milli strategiýanyň işlenip düzülmeginde Türkmenistana goldaw berýär

MilliInfo

5-6-njy martda BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen bilelikde «Emeli aň (EA) ulgamynda Milli strategiýa: Durnukly ösüş üçin bilelikdäki çözgütleri kemala getirmek» atly okuw maslahatyny geçirýär. Çäre EA ulgamynda Milli strategiýanyň işlenip düzülmegine ýardam bermek boýunça sebit başlangyjynyň çäginde guralyp, oňa BMGÖM-niň Stambuldaky Sebit edarasynyň halkara bilermenleri gatnaşýarlar.

«Emeli aň ykdysadyýetleri we jemgyýetleri çalt depginde özgerdýär, döwlet hyzmatlarynyň toplumyny, senagaty, bilim ulgamlaryny we zähmet bazarynyň geljegini üýtgedýär» diýip, BMGÖM-niň Stambuldaky Sebit edarasynyň okuw, ulgamlaýyn pikirleniş we sanly tehnologiýalar boýunça hünärmeni Andreas Pawelke belledi. «EA durnukly ösüşi çaltlandyrmak üçin uly mümkinçilikleri açýan hem bolsa, onuň ornaşdyrylmagy berk etiki kadalaryň, degişli kadalaşdyryjy binýatlaryň, sanly endiklere goýulýan maýa goýumlarynyň we maglumatlaryň jogapkärli dolandyrylmagynyň çäginde amala aşyrylmalydyr».

Türkmenistan 2026–2028-nji ýyllar üçin sanly ykdysadyýetiň Konsepsiýasyny we Döwlet maksatnamasyny öz içine alýan esasy milli strategik resminamalara esaslanyp, emeli aň tehnologiýalaryny ýurduň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna ornaşdyrmaga uly ähmiýet berýär.

Okuw maslahaty milli sanly ekoulgama baha bermek, bar bolan tejribeleri seljermek, esasy kemçilikleri ýüze çykarmak we syýasatyň ileri tutulýan ugurlaryny, dolandyryş nusgalaryny hem-de durmuşa geçiriş gurallaryny kesgitlemek üçin binýat bolup hyzmat edýär. Strategik meýilleşdirmäni ugrukdyrmak we sanly özgerişlige jogapkärli, geljege gönükdirilen çemeleşmäni kemala getirmek üçin halkara öňdebaryjy tejribeler tanyşdyrylýar. Çärä ministrlikleriň, döwlet edaralarynyň, hususy pudagyň, ylmy jemgyýetçiligiň we raýat jemgyýetiniň wekilleri gatnaşýarlar, bu bolsa EA ulgamynda hemmetaraplaýyn we deňagramly Milli strategiýanyň taýýarlanmagynda bilelikdäki işi üpjün edýär.

«Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşi üçin emeli aňyň strategik ähmiýetini ykrar etmek bilen, Hökümet milli ileri tutulýan ugurlara laýyk geljek we ähtimal töwekgelçilikleri azaltmak bilen bir hatarda, onuň artykmaçlyklaryndan iň ýokary derejede peýdalanmaga mümkinçilik berjek Emeli aň ulgamynda milli strategiýany döretmäge çalyşýar» diýip, BMGÖM-niň Türkmenistandaky dolandyryş, ykdysady diwersifikasiýa we inklýuziw ösüş meseleleri boýunça maksatnama seljerijisi Gülälek Wolmämmedowa belledi. «BMGÖM Türkmenistanda inklýuziw, howpsuz we durnukly sanly özgerişligi öňe sürmäge gönükdirilen sanly mümkinçilikleri güýçlendirmekde we strategiýalary taýýarlamakda Hökümete goldaw berýär».

Saparyň çäginde BMGÖM-niň halkara bilermenleri strategiýany işläp düzmek işine mundan beýläk-de ýardam bermek üçin Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýolbaşçylary bilen hem duşuşdylar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info