Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) we Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Global ekologiýa gaznasynyň (GEG) maliýe taýdan goldamagynda durmuşa geçirýän «Aral deňziniň basseýninde köp sanly peýdalary almak üçin ýer serişdelerini we ýokary tebigy gymmatlygy bolan ekoulgamlary gorap saklamak we durnukly dolandyrmak» atly taslamasynyň çäklerinde oba hojalyk ýerlerini lazer arkaly tekizlemek üçin niýetlenen ýöriteleşdirilen enjamlary gowşurmak dabarasy boldy.
Dabara wagtynda lazer tekizleýjileriniň iki toplumy Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň häkimligine we Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň «Obahyzmat» önümçilik birleşigine resmi taýdan gowşuryldy. Bu enjamlar taslamanyň synag meýdançalarynda görkezme işlerini geçirmek we soňra bu tejribäni ýerli daýhanlaryň arasynda giňden ýaýratmak üçin ulanylar.
Tehnologiýanyň netijeli we durnukly ulanylmagyny üpjün etmek maksady bilen, milli hyzmatdaşlar we taslamadan peýda alyjylar, şol sanda ýerli daýhanlar üçin Daşoguz hem Lebap welaýatlarynda enjamlary ulanmak we iş ýüzünde peýdalanmak boýunça ýöriteleşdirilen okuw maslahatlary geçirildi.
Gowşurylýan tehnologiýa awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň kömegi bilen oba hojalyk meýdanlarynyň ýokary takyklykda tekizlenmegini üpjün edýär. Bu bolsa suwaryş suwunyň deň paýlanmagyna, ýerleriň batgalyga öwrülmeginiň öňüni almaga, topragyň şorlaşmagyny azaltmaga we hasyllylygy ýokarlandyrmaga ýardam edýär.
Görkezme tapgyry tamamlanandan soň, bu enjamlaryň yzygiderli ulanyljakdygyna, oba hojalyk önümçiliginiň durnuklylygyny ýokarlandyrmaga we ýerli ilatyň abadançylygyny gowulandyrmaga goşant goşjakdygyna bil baglanylýar.
Enjamlaryň gowşurylmagy BMGÖM/GEG-niň ýokarda agzalan taslamasynyň Aral deňziniň basseýninde zaýalanan ýerleri dikeltmäge, ekoulgamlary gorap saklamaga we tebigy serişdeleri dolandyrmagyň durnukly usullaryny ornaşdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn tagallalarynyň bir bölegidir.