Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasy «Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) ýetmek we howa boýunça hereketler üçin howa bilimi (Howa sandyjagy)» atly sebitleýin taslamanyň jemleýji maslahatyny geçirdi. Bu çäre ýurtda howa bilimi ulgamyny berkitmekde möhüm ädim boldy.
Çärä bilim, ekologiýa we saglygy goraýyş ulgamlarynyň, akademiki jemgyýetçiligiň, ýaşlar hem jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we halkara hyzmatdaşlar gatnaşdylar.
Russiýa Federasiýasy tarapyndan maliýeleşdirilýän «Howa sandyjagy» atly sebitleýin taslamasy bilimleri alyşmaga, halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge we howa bilimi ugrunda iň kämil tejribeleri ýaýratmaga ýardam edýär. Häzirki wagtda bu okuw guraly 17 dilde elýeterli bolup, ol mekdep okuwçylarynyň we mugallymlaryň arasynda ekologiýa sowatlylygyny goldaýan ählumumy platforma öwrüldi.
Maslahatyň esasy wakasy «Howa sandyjagynyň» täzelenen (2026-njy ýyl) we Türkmenistanyň milli şertlerine uýgunlaşdyrylan interaktiw bilim guralynyň tanyşdyrylmagy boldy. Bu toplum milli hünärmenleriň işjeň gatnaşmagynda taýýarlanyp, elektron we çap görnüşinde elýeterlidir.
Maslahaty açan BMGÖM-niň Türkmenistandaky Hemişelik wekili hanym Narine Saakýan howa meselelerini çözmekde bilimiň ähmiýetini nygtady:
«Howanyň üýtgemegi häzirki döwrüň esasy meseleleriniň biri bolup galýar. Biziň bu meselä berjek jogabymyz bilime we ekologiýa sowatlylygyna, aýratyn-da, ýaşlaryň arasynda näderejede netijeli maýa goýýandygymyza baglydyr. «Howa sandyjagy» taslamasy — bilim gurallarynyň diňe bir howa meselelerine düşünýän däl, eýsem hereket etmäge taýýar nesli kemala getirmäge nähili ýardam edýändiginiň aýdyň mysalydyr».
«2012-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň göni gatnaşmagynda badalga berlen bu taslama Merkezi Aziýa ýurtlarynda ýaş nesliň ekologiýa medeniýetini kemala getirmekde täsirli gural bolmagynda galýar» — diýip, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Iwan Wolynkin şeýle belledi.
Maslahatyň dowamynda «Klimat sandyjagynyň» Türkmenistanyň şertlerine uýgunlaşdyrylmagynyň netijeleri görkezildi, şeýle hem alymlaryň, mugallymlaryň we okuwçylaryň bu toplumy mekdeplerde ulanmak arkaly howa bilimini kämilleşdirmekleri baradaky çykyşlary diňlenildi.
Çäre okuw toplumynyň nusgasynyň ýurduň ähli bilim edaralarynda ulanylmagy üçin milli hyzmatdaşlara, şol sanda Bilim ministrligine dabaraly gowşurylmagy bilen tamamlandy.
«Howa sandyjagy» — BMGÖM-niň Gündogar Ýewropa, Merkezi we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynda howa bilimini ösdürmäge gönükdirilen sebitleýin taslamasy. Bu interaktiw okuw toplumy çagalary we ýaşlary howa üýtgemelerini öwrenmäge çekýär we olary ekologiýa ugrunda hereket etmäge höweslendirýär. Ilkibaşda milli taslama hökmünde dörän bu başlangyç, soňra birnäçe dilde elýeterli bolan we ýerli bilim şertlerine uýgunlaşdyrylan halkara platformasyna öwrüldi.
Türkmenistanda bu sebitleýin taslamanyň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň Hökümeti we hyzmatdaşlar tarapyndan goldanyldy.