Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň maliýe bazarlaryny ösdürmek üçin institusional we kadalaşdyryjy-hukuk gurşawyny pugtalandyrmaga gönükdirilen bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde 19-njy iýunda Aşgabatda okuw maslahaty geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de Aşgabat gazna biržasynyň hünärmenleri gatnaşdylar.
Okuw maslahaty gatnaşyjylara gymmatly kagyzlar bazarynyň infrastrukturasy, şeýle hem brokerçilik işiniň hukuk, usulyýet we amaly ugurlary baradaky bilimlerini çuňlaşdyrmaga mümkinçilik berdi. Bu çäre netijeli dialog we tejribe alyşmak meýdançasyna öwrülip, gatnaşyjylara halkara çemeleşmeleri ara alyp maslahatlaşmaga hem-de ýerli gymmatly kagyzlar bazarynyň netijeliligini we aýdyňlygyny ýokarlandyrmagyň gurallaryna garamaga şert döretdi.
Geçirilen ara alyp maslahatlaşmalar bazar infrastrukturasyny kämilleşdirmegiň, brokerçilik hyzmatlaryny ösdürmegiň hem-de Türkmenistanda gymmatly kagyzlaryň açyk, netijeli we durnukly işleýän bazarynyň kemala gelmegini goldamagyň amaly ýollaryny kesgitlemäge ýardam etdi.
Okuw maslahatynyň jemleri boýunça gatnaşyjylar gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmegiň esasy düzüm bölekleri baradaky düşünjelerini berkitdiler we bu pudagyň kadalaşdyryjy-hukuk hem-de institusional binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň ileri tutulýan ugurlary boýunça umumy garaýşa geldiler.
Bu başlangyç BMGÖM bilen milli hyzmatdaşlaryň arasyndaky ykdysady reformalary goldamak we Türkmenistanyň maliýe bazarynyň durnukly ösüşi üçin binýat döretmek ugrundaky dowamly hyzmatdaşlygyň beýanydyr.
Bilelikdäki taslamada kanunçylygy we kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny kämilleşdirmäge, gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmegiň strategiýasyny işläp düzmäge, institusional mümkinçilikleri pugtalandyrmaga, hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, şeýle hem döwrebap depozitar ulgamyny döretmäge ýardam bermäge aýratyn üns berilýär. Bu tagallalaryň netijesinde taslama ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň uzak möhletleýin maksatlaryna ýetmäge ukyply, has durnukly, inklyuziw we netijeli maliýe pudagynyň kemala gelmegine goşant goşýar.
