Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde Mary welaýatynyň Ýolöten şäheriniň etrap hassahanasynda iki sany gün fotoelektrik ulgamyny gurnamak işleriniň tamamlanandygyny yglan etdi. Bu başlangyç saglygy goraýyş ulgamynyň durnuklylygyny, ekologik howpsuzlygyny we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyny berkitmek ugrunda möhüm ädimdir.
Gurluşlaryň umumy kuwwaty 30 kWt deňdir. Enjamlar hassahanany gaýtadan dikeldilýän elektrik energiýasy bilen üpjün eder, bu bolsa örän möhüm lukmançylyk kömeginiň yzygiderli berilmegini kepillendirmäge, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmaga we adaty energiýa serişdelerine bolan garaşlylygy azaltmaga mümkinçilik berer.
Lukmançylyk kömeginiň bökdençsiz berilmegini üpjün etmek üçin her bir gün gurluşy energiýany toplaýjy akkumulýator ulgamlary bilen enjamlaşdyrylandyr, olar elektrik üpjünçiliginde bökdençlik dörän ýagdaýynda 12 sagada çenli ätiýaçlyk energiýasyny üpjün edýärler. Bu bolsa hassahananyň esasy bölümleriniň — täze doglan bäbekleriň reanimasiýa bölüminiň, çaga dogruş bölümçesiniň, kliniki barlaghananyň, gemodializ we operasiýa bölümleriniň yzygiderli işlemegini kepillendirýär hem-de lukmançylyk işgärlerine daşarky energiýa ulgamynyň ýagdaýyna garamazdan, islendik şertlerde gaýragoýulmasyz kömegi bermäge mümkinçilik döredýär.
Lukmançylyk infrastrukturasynyň durnuklylygyny berkitmekden başga-da, bu başlangyç Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň has giň maksatlaryna we howa boýunça ileri tutulýan wezipelerine ýetmäge ýardam berýär. Çaklamalara görä, gün panelleri her ýyl, takmynan 46 MWt/sag gaýtadan dikeldilýän elektrik energiýasyny öndürer, bu bolsa parnik gazlarynyň zyňyndylaryny ýylda ortaça 25 tonna CO₂ çenli azaltmaga mümkinçilik berer. Lukmançylyk infrastrukturasyna gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň goşulmagy «ýaşyl» energetika goýulýan maýa goýumlaryň şol bir wagtyň özünde jemgyýetçilik saglygyny gorap saklamaga, energiýa howpsuzlygyny berkitmäge we howanyň üýtgemegine garşy durmaga nähili goşant goşup biljekdigine aýdyň mysaldyr.
Dabaranyň barşynda çykyş eden BMGÖM-niň Türkmenistanyň Hemişelik wekili Narine Saakýan bu başlangyjyň strategik ähmiýetini belledi:
«Ygtybarly we arassa energiýa durnukly saglygy goraýyş ulgamynyň binýadydyr. Bu taslama gaýtadan dikeldilýän energetika goýulýan maýa goýumlaryň şol bir wagtyň özünde jemgyýetçilik saglygyny we ekologik durnuklylygy berkitmäge, lukmançylyk pudagynyň kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny azaltmaga we hödürlenýän hyzmatlaryň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga nähili ýardam edip biljekdigini görkezýär».
Taslamanyň uzak möhletleýin durnuklylygyny üpjün etmek maksady bilen, hassahananyň lukmançylyk işgärleri gün fotoelektrik ulgamlaryny ulanmagyň we olara tehniki hyzmat etmegiň ähli taraplary, şol sanda panelleri arassalamak boýunça hemmetaraplaýyn okuw geçdiler.
