2030-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) ýurtlaryna syýahat edýänler birnäçe adaty endiklerinden el çekmeli bolarlar. ÝB daşky gurşawyň hapalanmagyna garşy göreşiň çygrynda aeroportlara, wokzallara we myhmanhanalara gönümel täsir etjek täze ekologik çäklendirmeleri girizýär.
Täze düzgünler ÝB-niň «Gaplamalar we gaplama galyndylary baradaky Düzgünnamasynda» berkidildi. Onuň esasy maksady ulanylansoň derrew hapa taşlanýan gysga ömürli plastmassanyň ulanylyşyny maksimal derejede azaltmakdyr.
Syýahatçylar üçin näme üýtgeýär?
ÝB ýurtlarynyň aeroportlarynda we demir ýol wokzallarynda çemedanlary we torbalary bir gezeklik streç-plýonka bilen oramak hyzmaty doly gadagan ediler. Ýükleri hapalanmakdan, dyrmalmakdan ýa-da rugsatsyz açylmakdan goramak üçin syýahatçylar köp gezeklik serişdelere geçmeli bolarlar: mata örtükler (çehollar), ýörite gorag kemerleri ýa-da asma gulplar.
Adaty bir gezeklik şampunlar, duş üçin geller we losýonlar salynýan kiçijik çüýşejikler, şeýle hem aýry-aýry gaplanan bir gezeklik sabynlar Ýewropanyň myhmanhanalaryndan doly aýrylar. Olaryň ýerine myhmanhanalar diwara berkidilen köp gezeklik dozatorlary gurnamaga ýa-da täze ekostandartlara laýyk gelýän gaplary ulanmaga borçlandyrylar. Ýeri gelende aýtsak, köp sanly Ýewropa myhmanhanalar ulgamlary eýýäm resmi gadagançylyga garaşman, bu formata geçip başladylar.
2030-njy ýylyň çäklendirmeleri jemgyýetçilik iýmiti pudagyna-da täsir eder, ýöne käbir möhüm ýeňillikler bar:
Restoranlara we kafelere souslary (ketçup, maýonez, gorçisa), aýry-aýry gaplanan gaýmagy, şekeri, duzy we aşhana goşundylaryny (spesiýalary) bir gezeklik plastik paketlerde (saşe) hödürlemek gadagan ediler.
«Özüň bilen» äkitmek (take-away) we eltip bermek hyzmaty üçin bir gezeklik gaplamalara rugsat berler.
Şeýle hem lukmançylyk edaralary üçin kadadan çykmalar göz öňünde tutular.
Ýewropa Bileleşigi bu çäreleriň gaýtadan işlemesi kyn bolan galyndylaryň möçberiniň düýpli azaltmagyna we işewürligiň zatlary köp gezek ulanmak konsepsiýasyna has işjeň geçmegine kömek etjekdigine bil baglaýarlar.
