16-18-nji sentýabr aralygynda BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhansy tarapyndan Türkmenistanyň Mejlisi bilen bilelikde gurnamagynda konsultatiw duşuşyk geçirildi. Bu çäre gender deňligini kanunçylykda ilerletmek üçin ulgamy we gurallary pugtalandyrmaga ýardam etmek boýunça iş meýilnamasynyň çäklerinde geçirilip, ol Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026–2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny hem-de Aýallar barada kemsitmäniň ähli görnüşlerini ýok etmek hakynda Komitetiň (CEDAW) Jemleýji belliklerini ýerine ýetirmek boýunça Ýol kartasyny durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.
Üç günlük duşuşyga Mejlisiň deputatlary, şeýle hem Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň, hukuk goraýjy, kazyýet, jemgyýetçilik edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Çäre UNFPA-nyň halkara hünärmeni hanym Morgan Landeliň onlaýn gatnaşmagynda geçirildi.
Üç günüň dowamynda duşuşyga gatnaşyjylar aýallara garşy kemsitmeleri gadagan edýän we maşgala gymmatlyklaryny goraýan hukuk binýadyny pugtalandyrmak babatda CEDAW-nyň maslahatlaryny seljerdiler. Şeýle hem degişli kanunçylygyň halkara standartlary we esasy düzüm bölekleri, şol sanda adalgalar, gorag çäreler, kazyýet ulgamy, meýilleşdirmek we gözegçilik mehanizmleri ýaly meselelere seredildi. Mundan başga-da, duşuşygyň dowamynda halkara kanunçylyk mysallary seljelirip, olary milli hukuk binýadyndan ulanmak mümkinçiligine baha berildi.
Bu çäräniň esasy netijesi Türkmenistanyň kanunçylygyna degişli üýtgeşmeleri we goşundylary girizmegiň taslamasyny işläp düzmek boýunça ylalaşylan çemeleşmäni taýýarlamak boldy. Bu bolsa, aýallaryň hukuklaryny goraýan we maşgala abadançylygyny üpjün edýän hukuk gurallaryny pugtalandyrmak ýolunda möhüm ädim.
