Geçen agşam — sişenbe gününiň gijesi «Pari Sen-Žermen» we «Bawariýa» toparlary «Park-de-Prens» stadionynda UEFA Çempionlar ligasynyň taryhyna «Ýewropa klassikasy» hökmünde ebedi girjek gyzykly duşuşygy geçirdiler. Duşuşyk 5:4 hasabynda parižlileriň peýdasyna tamamlandy.
Geliň bu duşuşyň netijelerine sanlar we maglumatlar bilen seredip geçeliň:
Usman Dembeleniň goşmaça wagtda uran penaltisi netijesinde bu duşuşyk taryhda arakesmä çenli bäş goluň urlan ilkinji ýarym finaly boldy.
Hwiça Kwarasheliýa şu oýundaky dubly arkaly ýaryşyň pleý-off tapgyrynda iň köp gol uran futbolçylaryň sanawynda birinji orna çykdy.
«Bawariýanyň» utulyp gelýändigine garamazdan, ikinji ýarymda garşydaşynyň yzyndan ýetmegi (kambek) bilen, bu oýun taryhda jemi dokuz gol urlan ilkinji ýarym final hökmünde bellige alyndy. Mundan öňki duşuşyklaryň dördüsinde toparlar jemi ýedi gol urupdyrlar. Şol oýunlaryň arasynda geçen ýaryşyň ýarym finalynda milanlylaryň 4:3 hasabynda ýeňiş gazanan oýnuny — «Inter» bilen «Barselonanyň» arasyndaky jogap duşuşygy hem bar.
«Park-de-Prens» stadionyndaky oýna çenli, şu Çempionlar ligasynda diňe bir oýunda dokuz gol geçirilipdi: 1/8 finalyň jogap duşuşygynda «Barselona» «Nýukasly» 7:2 hasabynda ýeňlişe sezewar edipdi.
Pariždäki gyzykly oýun (triller) pleý-off oýunlarynda bir duşuşykda urlan gollaryň sany boýunça rekordy täzelemäge diýseň golaý geldi. Şol rekord 2020-nji ýylda 1/4 finalda «Bawariýanyň» «Barselonany» 8:2 hasabynda utmagy bilen bellige alnypdy.
«Bawariýanyň» derwezesine uran iki goly bilen Kwarasheliýanyň 2025/26 futbol möwsümindäki Çempionlar ligasyndaky gollarynyň sany on boldy. Gruziýanyň ýygyndy toparynyň wekili «PSŽ-niň» bir möwsümdäki gollary boýunça Zlatan Ibrahimowiç (2013/14 möwsümi) tarapyndan goýlan rekordy gaýtalady.
Bu duşuşyk Çempionlar ligasynyň taryhyndaky iň köp gol urlan bäşinji oýundyr. 2016/17 futbol möwsüminiň toparçadaky bäsleşiginde Dortmundyň «Borussiýasynyň» «Legiýany» 8:4 hasabynda ýeňen oýny 12 gol bilen ýeke-täk rekord bolmagynda galýar.
Oýnuň başynda penaltini takyk ýerine ýetiren Garri Keýniň şu Çempionlar ligasyndaky gollarynyň sany 13-e ýetdi. Bu bolsa ýaryşyň iň netijeli hüjümçisi Kilian Mbappeniň görkezijisinden bary-ýogy iki gol azdyr.
Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyrynda iki oýnuň netijesi boýunça urlan gollaryň rekordyny täzelemek üçin şu iki toparyň arasyndaky jogap duşuşygynda bary-ýogy dört gol urmak galdy.
Çempionlar ligasynyň bir möwsüminde iň köp gol urmak boýunça rekord «Barselona» (1999/2000) toparyna degişlidir, emma häzirki wagtda «PSŽ» (43) we «Bawariýa» (42) bu görkezijä örän golaý geldi.
Bu «PSŽ-niň» Çempionlar ligasynyň esasy tapgyryndaky ýüzünji ýeňşidir. Ol bu sepgide ýeten ilkinji fransuz kluby boldy.