«PSŽ» — «Bawariýa»: şu gije Parižde geçjek möhüm duşuşyga haýsy teleýaýlymdan tomaşa edip bileris?

MilliInfo

28 Aprel, 2026

Şu agşam — 29-njy aprele geçilýän gije janköýerlere gyzykly futbol agşamy garaşýar. UEFA Çempionlar ligasynyň ýarym finalynda Parižiň «PSŽ-si» Mýunheniň «Bawariýasyny» kabul edýär. Şeýlelikde, bilermenler şu jübüdiň arasyndaky ýeňijiniň liganyň çempiony bolmagyna garaşýarlar. Şol sebäpden hem, bu oýna hemmeler sabyrsyzlyk bilen garaşdy.

Ýeri gelande bellesek, şu güne çenli toparlaryň arasyndaky oýunlaryň hiç biri deňlikde jemlenmedi. Bu bolsa nobatdaky duşuşygyň has-da gyzykly bolmagyny üpjün eder.  

Oýun şu gije Aşgabat wagty bilen 00:00-da başlanýar. Toparlaryň arasyndaky jogap oýny 7-nji maýda geçiriler.

Duşuşyk «Türkmenistan.Sport» hem-de «Варзиш sport HD» teleýaýlymlarynda göni efirde görkeziler.

Ertir agşam bolsa UEFA Çempionlar ligasynyň ikinji jogap duşuşygy geçirilip, onda «Atletika Madrid» bilen «Arsenal» duşuşar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info