21-nji oktýabra geçilýän gije, sişenbe güni agşam «PSŽ» topary Çempionlar ligasynyň üçünji tapgyrynda «Barselonany» öz meýdançasynda kabul eder. Oýun Aşgabat wagty bilen ýarygije 00:00-da başlanar.
Iki topar hem alty utuk bilen bu duşuşyga çykýar. Janköýerlere hüjüm futbolyny öňe sürýän iki toparyň gyzykly duşuşygy garaşýar. Esasan-da, «Barselonanyň» düzüminde çykyş edýän Lamin Ýamala aýratyn üns bermek gerek. Ol soňky oýunlarda biri-birinden owadan gollary, tilsimleri bilen janköýerleri begendirýär.
«PSŽ» katalon toparyna garşy nähili oýnamalydygyny hem gowy bilýär. Toparlar iň soňky gezek 2025-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynda duşuşypdylar. Şonda parižliler myhmançylykda 2:1 hasabynda ýeňiş gazanypdylar. Bu gezek «Barselona» ar almagy başararmy?
Duşuşygyň göni ýaýlymda Azerbaýjanyň «CBC Sport» we «Persiana Sports» teleýaýlymlarynda görkezilmegine garaşylýar. Olar «IPTV-de» elýeterdir.
Tapgyryň ýene bir gyzykly beýleki duşuşyklary:
«Bawariýa» — «Arsenal» —22-nji oktýabra geçilýän gije, Aşgabat wagty bilen 00:00-da.
«Real Madrid» — «Leýpsig» — 22-nji oktýabra geçilýän gije, Aşgabat wagty bilen 00:00-da.
