Fransiýanyň Kubogynyň 1/16 finalynda garaşylmadyk netije hasaba alyndy. Luis Enrikeniň ýolbaşçylygyndaky «PSŽ» öz meýdançasynda geçirilen Pariž derbisinde «Pariž» toparyndan utuldy. Bu netije «PSŽ» üçin uly şowsuzlyk boldy, sebäbi topar soňky üç ýylyň içinde ilkinji gezek Kubogyň finalyna çykmak mümkinçiligini ýitirdi.
Oýnuň statistikasyna seredenimizde, onuň «PSŽ-niň» doly artykmaçlygynda geçendigini görýäris. Ýer eýeleri topa eýelik etmekde (70% - 30%) we derwezä urulan urgularda (25-e garşy 4) garşydaş topardan has öňdedi. Emma bu sanlar ýeňiş üçin ýeterlik bolmady.
Duşuşygyň 74-nji minutynda myhmanlar ýeke-täk amatly pursatdan peýdalandylar. Ilan Kebbalyň pasyndan soň, Nanitamo Ikoneniň derwezäniň aşaky burçuna ýerine ýetiren takyk urgusy hasaby 0:1 etdi. «PSŽ» hatda emin tarapyndan goşulan 7 minudyň dowamynda-da jogap goluny urup bilmedi we ýaryşdan çykdy.