«Pari Sen-Žermen» UEFA Çempionlar ligasynyň 2025/2026-njy möwsüminiň finalynda Londonyň «Arsenalyny» ýeňdi.
Budapeşt şäheriniň «Puşkaş Arena» stadionynda geçirilen duşuşygyň esasy wagty 1:1 hasabynda tamamlandy. «Arsenaldan» Kaý Hawerts (6-njy minutda) tapawutlandy.
«PSŽ-niň» düzüminden Hwiça Kwarasheliýanyň gazanan penaltisini Usman Dembele (65-nji minut) dürs urdy.
Goşmaça wagtda toparlar gol geçirip bilmediler. Penaltiler tapgyrynda bolsa «PSŽ-niň» oýunçylary urgulary has takyk ýerine ýetirdiler — 4:3.
Şunlukda, parižliler bassyr ikinji gezek Ýewropanyň baş klub ýaryşynyň ýeňijisi boldular.
Ýatladyp geçsek, 2024/2025-nji möwsümde hem parižliler final duşuşygynda «Interi» 5:0 hasabynda derbi-dagyn edip, Çempionlar ligasynyň ýeňijisi bolupdular.