«PSŽ» utulyp gelýän duşuşygyny ýeňiş bilen jemledi we Fransiýanyň Superkubogyny eýeledi

MilliInfo

23 sagat öň

«Pari Sen-Žermen» toparynyň futbolçylary Fransiýanyň Superkubogy ugrundaky duşuşykda «Marsel» toparyndan üstün çykdylar. Kuweýtde geçirilen çekeleşikli oýnuň esasy wagty 2:2 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.

Duşuşygyň 13-nji minutynda Usman Dembele takyk urgy bilen «PSŽ-ni» öňe çykardy.

Emma oýnuň 76-njy minutynda «Marseliň» hüjümçisi Meýson Grinwud penaltini dürs ýerine ýetirip, hasaby deňlemegi başardy. 87-nji minutda bolsa parižlileriň goragçysy Uilýam Paçonyň öz derwezesine uran goly (awtogol) netijesinde «Marsel» öňe saýlandy.

«PSŽ» topary ýeňlişden halas bolmak üçin soňky pursatlara çenli göreşdi we oýnuň 90+5-nji minutynda Gonsalu Ramuşyň geçiren goly hasaby 2:2-ä getirdi.

Ýeňijini kesgitlemek üçin bellenilen penaltiler tapgyrynda «PSŽ-niň» futbolçylary has takyk çykyş edip, 4:1 hasabynda ýeňiş gazandylar.

Bu netije «PSŽ» toparynyň 14-nji gezek Fransiýanyň Superkubogyny eýesi hökmünde bellige alynmagyna getirdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info