Ýaş türkmen karateçileri 4—7-nji dekabr aralygynda Wenesiýa prowinsiýasynyň Ýezolo şypahana şäherinde geçýän «Karate 1» Ýaşlar ligasynyň tapgyryna gatnaşmak üçin Italiýa Respublikasyna ugradylar. Abraýly halkara ýaryşa dünýäniň 83 ýurdundan takmynan 3300 türgen gatnaşýar.
Bäsleşikde Türkmenistanyň wekiliýetine ýaş türgenleriň 17-si agzalyk edip, dürli ýaş hem agram toparlarynda medallar ugrunda bäsleşerler.
2025-nji ýylda Wenesiýada geçirilýän «Karate 1» Ýaşlar ligasy möwsümiň jemleýji tapgyry bolup, ýaşlar hem kadetler üçin geçirilýän karate boýunça iň iri halkara ýaryşlaryň sanawyna girýär. Bäsleşigiň çäklerinde 12-den 20 ýaş aralygyndaky türgenler üçin 46 dereje boýunça medallar ugrundaky duşuşyklar geçiriler.
Ýaryşyň tutluşyklary Bütindünýä Karate federasiýasynyň (WKF) resmi «YouTube» kanalynda göni efirde hödürlenýär.
