Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

MilliInfo

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisini geçirdi.

Ir bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Arkadag şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyna geldi.

Müdiriýetiň mejlisine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň agzalary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy hem-de Arkadag şäheriniň häkimi gatnaşdylar.

Bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen gününiň 5 ýyllyk senesiniň öňüsyrasynda Gaznanyň müdiriýetiniň nobatdaky mejlisiniň gün tertibine girizilen meseleleriň ýerine ýetirilişi baradaky çykyşlar diňlenildi.

Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewa ilki bilen Gahryman Arkadagymyzy hem-de hormatly Prezidentimizi Gaznanyň döredilmeginiň 5 ýyllygy bilen gutlady. Şeýle hem ol Gaznanyň goldawy bilen bejergi alan we saglyklaryny dikelden ýurdumyzyň ýaşajyk raýatlarynyň okamaga, döretmäge, bilimli, ylymly we Watana wepaly şahsyýetler bolup ýetişmäge bolan höwesleriniň örän ýokarydygyny belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen gününden bäri tutuş ýurdumyz boýunça näsag çagalara 758 operasiýa geçirilendigi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde şu günki güne çenli 2 müň 467 çaganyň döwrebap sagaldyş-dikeldiş bejergisini alandygy we merkezde innowasion tehnologiýalaryň ýerli tebigy serişdeler bilen utgaşykly ulanylmagy arkaly toplumlaýyn dikeldiş bejergisi ýola goýlandygy barada hasabat berildi.

Haýyr-sahawat gaznasynyň işinde halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna hem ähmiýet berilýändigini belläp, O.Atabaýewa hasabatyň çäklerinde geçen ýylda Arkadag şäherinde bu ugra degişli halkara maslahatyň geçirilendigini, oňa onlarça döwlet düzümleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle hem halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşandyklaryny aýtdy. Maslahatyň netijeleri boýunça Jemleýji resminama kabul edildi we ol Birleşen Milletler Guramasynyň resmi dillerine terjime edilip, Baş Assambleýanyň 79-njy sessiýasynyň gün tertibiniň resminamasy hökmünde ýaýradyldy.

2025-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasy, Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky gaznasy hem-de Geýdar Aliýew adyndaky gazna bilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekilmegi geçen ýylyň haýyr-sahawat gaznasy üçin netijeli ýyllaryň birine öwrülendigini görkezýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Haýyr-sahawat gaznasynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we özara tejribe alyşmak ýörelgelerini işjeňleşdirmek boýunça birnäçe tabşyryklaryny berdi.

Gaznanyň hasabyna halkara derejeli ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenlere gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylmagy, Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň döwrebaplaşdyrylmagy şeýle-de «Jahan» döredijilik merkeziniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek baradaky kabul edilen çözgüdiň ähmiýetine üns berildi.

Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň dolandyryş işleri boýunça wise-prezidenti R.Bazarow Gaznanyň işi barada giňişleýin maglumat berýän hasabat bilen çykyş etdi.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow häzirki döwürde Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bu ýerde täze şäheriň «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň önümleri we çaga iýmitleri geçen ýylyň sentýabr aýynda Moskwa şäherinde geçirilen gözden geçirilişde «Ýylyň önümi» atly altyn medalyna we degişli diploma mynasyp bolandygy bellenildi.

Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa «Arkadag Binasynyň» meýdançasynda geçiriljek baýramçylyk dabarasyna häkimlik tarapyndan ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görlendigini aýdyp, çäräniň medeni maksatnamasyna laýyklykda, dabara köp sanly ildeşlerimiz bilen bir hatarda, Gaznanyň hasabyna bejergi alýan çagalaryň hem-de olaryň ene-atalarynyň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, daşary ýurt döwletleri ilçihanalarynyň we halkara guramalary Türkmenistandaky wekilleriniň çagalarynyň hem-de köp sanly ýaşlaryň gatnaşmagynyň meýilleşdirilendigi barada hasabat berdi.

Mejlisiň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň agzasy Ý.Orazowa, Gaznanyň iş dolandyryjysy H. Hajymyradowa, Gaznasynyň müdiriýetiniň agzasy, hasapçysy Ý.Çernowa degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de Gaznanyň hukukçysy M.Hojamberdiýewa, onuň media habarlar wekili A.Jepbarowa degişli tabşyryklar berildi.

Haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna häzirki wagta çenli dünýäniň köp ýurtlarynyň dürli ýagdaýlar sebäpli kynçylyga uçran çagalaryna ynsanperwerlik ýükleri ugradyldy. Biz ata-babalarymyzdan gelýän ynsanperwerlik däplerine eýerip, bu asylly işleri mundan beýläk-de dowam ederis.

Çagalar – bagta, mähre mynasypdyr!

Çagalar – parahat we abadan durmuşa mynasypdyr!

Pursatdan peýdalanyp, siziň ähliňizi gaznamyzyň döredilmeginiň 5 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn diýip, Gahryman Arkadagymyz geljegimiz bolan ýaş nesilleriň sagdyn, berk bedenli, ylymly-bilimli, kämil şahsyýetler bolup, Watanymyzyň abraýyny belende göterjek ýaşlar bolup ýetişjekdiklerine ynam bildirdi we mejlise gatnaşyjylary ýene bir ýola gutlady.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info