Düýn — 27-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda şähergurluşyk maksatnamasynyň häzirki zaman talaplaryna we ýokary halkara görkezijilere laýyk derejede durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň nyşany bolan Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz şäheriň çäklerinde gurulýan dürli maksatly binalar, aýratyn-da, döwrebaplaşdyrylan şaýol, köprüler, ýol-ulag düzümine degişli desgalar bilen tanyşdy we degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Milli Liderimiz ir bilen Gökdepe şaýoly bilen Akhan şaýolunyň çatrygynda ýerleşýän döwrebap köprini synlady. Gahryman Arkadagymyz bu köpriniň «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelere laýyklykda bina edilýändigini belläp, halkymyzyň köpri gurmagy, ýol çekmegi, bina galdyrmagy sogap iş hasaplaýandygyny aýtdy. Halk Maslahatynyň Başlygy köpriniň germewleri, olaryň berkligi bilen gyzyklanyp, germewleriň hiline, gurluşyna birnäçe belliklerini aýtdy we ony talabalaýyk derejede düzetmegi maslahat berdi.
Milli Liderimiz köpriniň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagyna, bu ýerlerde gök zolaklaryň döredilmegine häzirki zaman talaplaryna laýyklykda çemeleşilmelidigine ünsi çekdi. Köpriniň üstünden Arkadag şäheriniň nurana binalarynyň seleňläp görünýändigini nazara alanyňda, şäher bilen ýoluň özara arabaglanyşygynda bezeg aýratynlyklaryna aýratyn ähmiýet berilmelidir. Hormatly Arkadagymyz bu işleriň talabalaýyk alnyp barylmalydygyny aýdyp, Arkadag şäheriniň merkezine tarap ýola düşdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýolugra şäheriň ikinji tapgyrynda gurluşygy batly depginde dowam edýän durmuş maksatly binalaryň ýanynda saklandy. Gahryman Arkadagymyz durmuş maksatly binalaryň, aýratyn-da, bilim edaralarynyň, saglyk merkezleriniň häzirki zaman talaplaryna laýyklykda enjamlaşdyrylmagynyň ähmiýetine ünsi çekip, şunda täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň işjeň ulanylmalydygyny belledi we bu babatda maslahatlaryny berdi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda Arkadag şäherini ösdürmegiň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, dürli maksatly binalaryň gurluşyklarynyň depginini ýokarlandyrmak, olara sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
D.Orazowyň hasabatynda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň jemi 220-den gowragy gurulýar. Şunda umumybilim berýän mekdepleriň, çagalar baglarynyň, 5, 7 we 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna ähmiýet berilýär. Binalarda häzirki zaman şertleri, ýaşaýyş jaýlarynda bolsa ýokary derejeli ýaşaýşy, dynç alşy üpjün edýän mümkinçilikler döredilýär.
Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda ýerine ýetirilýän işleriň häzirki zaman talaplaryna, ýokary halkara görkezijilere kybap gelmelidigine ünsi çekip, şunda dünýäniň ösen tejribesiniň, ylmyň soňky gazananlarynyň netijeli ulanylmagynyň möhüm talap hökmünde kesgitlenendigini aýtdy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz sanly ulgamyň amatlylygy, ykjamlygy, elýeterliligi dogrusynda durup geçdi. Medeni-durmuş maksatly desgalaryň ählisi şeýle mümkinçilikleri öz içine almalydyr.
Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň çäklerinde gurulýan ýaşaýyş jaýlarynda döredilýän mümkinçilikler, olaryň otaglarynyň reňk sazlaşygy, yşyklandyrylyşy we beýlekiler babatda raýatlaryň garaýyşlarynyň, jemgyýetçilik pikirleriniň netijeli öwrenilmelidigini belledi.
Iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa häzirki döwürde bu ýerde öňde boljak şanly seneleri mynasyp derejede dabaralandyrmak, olary guramaçylykly geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Arkadag şäherinde ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneleri mynasyp dabaralandyrmak bilen bir hatarda, adamlary täze jaýlara göçürip getirmek boýunça işler hem guramaçylykly alnyp barylýar.
Milli Liderimiz soňky wagtda häkimlik tarapyndan alnyp barylýan işlerde haýal-ýagallyga ýol berilýändigine we işleriň guralyşynyň talabalaýyk däldigine nägilelik bildirip, bu ugurdaky işleriň häzirki zaman talabyna laýyk derejede guralmalydygyny, şäheriň abadançylyk we arassaçylyk derejesiniň yzygiderli üns merkezinde saklanmalydygyny, ähli işlere gözegçiligiň has-da güýçlendirilmelidigini aýratyn nygtady.
Gahryman Arkadagymyz iş maslahatyny jemläp, şäheriň çäklerinde alnyp barylýan işleri synlady we meýilleşdirilen gurluşyk işleriniň depgininiň şu ýylyň şygaryna kybap derejede amala aşyrylmalydygyny nygtady. Binalaryň gurluşyklarynda ýokary hil derejesi üpjün edilmelidir we olar öz wagtynda ulanmaga taýýar edilmelidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri öňde goýlan wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.