Murgap önümçilik birleşiginiň işgärleri azyk bolçulygy ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler

MilliInfo

8 sagat öň

Murgap önümçilik birleşiginiň işgärleri azyk bolçulygy ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler

Mary welaýat alyjylar jemgyýetleri birleşiginiň Murgap önümçilik birleşiginiň işgärleri ilatyň ýokary hilli azyk önümlerine bolan isleglerini kanagatlandyrmak ugurnda tutanýerli zähmet çekýärler. Birleşikde ilata gündelik zerur bolan azyk önümleri öndürýän birnäçe bölümler bar. Olardan häzirki wagtda çörek, konditer, gök we miwe önümlerini gaýtadan işleýän bölümler iň işjeň önümhanalar bolup durýar. Bölümleriň her birinde önüm öndürmek işleri talabalaýyk alnyp barylýar.

Murgap önümçilik birleşiginiň gök we miwe önümlerini gaýtadan işleýän önümhanasynda bereketli topragymyzda ösdürilip ýetişdirilýän gök we miwe önümleri terligi bilen gaýtadan işlenilip, dürli görnüşli aýna gaplara gaplanylýar. Tomus möwsümi kärhananyň iň gyzgalaňly işleýän we ter hasyly kabul edýän döwrüdir. Kärhana ýerli ekerançylardan we telekeçilerden ter gök önümleri satyn alyp, olary gaýtadan işleýär. Möwsüm durnukly dowam edýän wagty, önümçilik birleşiginde duzlanan pomidoryň, hyýaryň, kelem, käşir, sarymsak we burç ýaly önümleriň hem-de beýleki gök önümleriň gaplama görnüşleri, şonuň bilen birlikde-de, alma, erik, ülje ýaly miwe önümlerinden şerbetli içgileriň uly tapgyrlary taýýarlanylýar. Şu tomus möwsüminde bu önümhanada, esasan hem, duzlanan pomidordyr hyýardan gaplama önümleri öndürilýär. Önümleriň daşky görnüşini milli öwüşgindäki ýazgylar bezeýär.

Tutanýerli zähmet çekýän birleşigiň işgärleri konditer bölüminde halkymyzyň toý saçaklaryny bezeýän kökeleri öndürmek işlerini hem gowşamaýan depginde alyp barýarlar. Ösen tehnologiýaly enjamlaryň kömegi arkaly öndürilýän dürli görnüşli kökeler döwrebap gaplara gaplanylýar. Olar ýokary harytlyk derejesi bilen ilatyň ösen isleglerini kanagatlandyrýar. Söwda işgärleriniň çekýän asylly zähmetleri netijesinde bu bölümde önümçilik möwsümleýin talaplara laýyklykda guralýar.

Güneşli Diýarymyzda öndürilýän ak bugdaýyň unundan çörek önümlerini taýýarlamak işlerem bu önümçilik birleşiginde göwnejaý ýola goýlan. Çörek önümhanasynda milli çöregiň her aýda 20 tonnasy öndürilýär. 

Daşary ýurtda öndürilýän önümleriň ornuny tutup biljek bagtyýarlyk döwrümiziň bu azyk önümleri harytlyk derejesi we ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar. Bu ýerde öndürilýän ähli azyk önümleri ýurdumyzyň söwda dükanlaryna ugradylýar we alyjylara elýeterli nyrhlardan ýetirilýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info