Hytaýda marketpleýsden sargyt edilen hojalyk harytlaryny raketanyň üsti bilen eltip bermek synag edildi

MilliInfo

28 Iyul, 2025

Hytaýyň «SEPOCH» hususy raketa kompaniýasy gaýtadan ulanylýan raketalar arkaly «Taobao» marketpleýsinden ýollamalary eltip bermek işini üstünlikli synagdan geçirdi.

«XZY-1» poslamaýan polat raketasy agramy 20 kilogramdan gowrak bolan harydy müşderä ýetirdi. Raketa 2,5 kilometr beýiklige galdy. Uçuş 125 sekunt dowam etdi. Soň bolsa «XZY-1» Hytaýyň Şandun welaýatynyň golaýyndaky deňiz ýüzünde pytrady. Hünärmenler ony 18 sagatdan soň hiç bir zyýan bermezden almagy başardylar.

Raketanyň agramy 57 tonna bolup, göwrümi 120 kub metr bolan ýük bölümi 10 tonnalyk harytlary daşamak üçin niýetlenendir.

«Bu tehnologiýa bir sebitden beýleki ýaşaýyş toplumyna birnäçe günde daşalýan ýükleri bary-ýogy birnäçe minutda eltip bermek mümkinçiligini döreder. Munuň özi global logistika öwrülişigini wada berýär» — diýlip, neşirýat tarapyndan berlen habarda beýan edilýär.

2024-nji ýylda Hytaýyň kosmiki uçuşlar boýunça gullugy Ýeriň golaýynda ýerleşýän orbital stansiýasyny üpjün etmek üçin ýük kosmos gämisini gurmak babatda iki guramany saýlady.

Ozal amerikan korporasiýasynyň we dünýäniň iň uly bölek satyjylarynyň biri bolan «Amazonyň» dronlary ulanyp, haryt getirmäge rugsat alandygy habar berlipdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info