7-nji noýabrda Braziliýada «Formula-1» ýaryşynyň 21-nji tapgyry badalga aldy. Ýaryş hepdesiniň ähli esasy wakasy San-Pauludaky «Interlagos» awtodromynda geçýär.
Öňdelik ugrundaky bäsleşik gitdigiçe gyzyşýar. 20 tapgyrdan soň umumy hasapda 357 utuk bilen «McLaren» toparynyň sürüjisi Lando Norris öňde barýar. Onuň topardaş ýoldaşy Oskar Piastriniň hasaby bir utuk az. Ilkinji üçlügi bolsa 321 utuk toplan «Red Bullyň» sürüjisi Maks Ferstappen jemleýär.
Konstruktorlaryň kubogynda hem ikinji orun ugrunda diýseň gyzgalaňly bäsleşik dowam edýär. Häzirki wagtda «Ferrari» (356 utuk), «Mercedes» (355) we «Red Bull» (346) toparlary ýaryşy biri-biri bilen ýakyn görkezijilerde dowam etdirýärler.
7-nji noýabrda erkin sürüşleriň ilkinji tapgyry (Aşgabat wagty bilen sagat 19:30-da) hem-de sprint üçin deslapky saýlama bölegi (sagat 23:30-da) geçirildi. Şu gün — şenbe güni bolsa sprint bäsleşigi (sagat 19:00-da) we esasy ýaryş üçin saýlama tapgyry (sagat 23:00-da) ýaýbaňlandyrylar.
Ýaryşyň maksatnamasy ýekşenbe güni geçiriljek esasy bäsleşik bilen tamamlanar (Aşgabat wagty bilen sagat 22:00-da).
Gran-prini «Setanta Sports» teleýaýlymynda göni efirde hödürlener.

