Smartfonlara irki elýeterlilik ýaramaz netijelere getirip biler

MilliInfo

28 Iyul, 2025

Munuň «Sapien Labs» amerikan gözleg guramasynyň alymlarynyň dünýädäki 100 müňden gowrak ýaşlaryň maglumatlaryny seljereninden soň gelen netijesidigini bellemek gerek.

Maglumatlaryň tassyklaýşy ýaly, çaga ilkinji smartfonyny näçe ir alsa (13 ýaşdan ozal), ýetginjeklikde we ululykda akyl saglygynyň peselmek howpy şonça ýokarydyr. Şeýle ulanyjylaryň aşakda görkezilen kynçylyklary başdan geçirme ähtimallygynyň uludygy tassyklanylýar:

  • howsalaly ýagdaýlar;

  • özüňe pes baha bermek;

  • emosional durnuksuzlyk;

  • ünsüňi jemlemek we sosiallaşmak bilen baglanyşykly kynçylyklar.

Mundan başga-da, çaga gajetlere näçe ir elýeterlilik alyp bilse, geljekde emosional ýagdaýyň ýaramazlaşmak howpy şonça ýokarydyr.

Hünärmenler çaganyň akyl saglygynyň enjamyň özüne däl-de, internete, esasan hem, sosial ulgamlara girmegi arkaly bozulýandygyny aýdyňlaşdyrýarlar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo