«Xiaomi» kompaniýasy «Mijia» önümleriniň hataryny üýtgeşik bir täzelik — «Mijia Smart Head Massage Comb» diýlip atlandyrylýan akylly owkalaýjy darak bilen doldurdy. Eýýäm «JD.com» platformasynda öňünden sargyt etmek üçin elýeterli bolan bu enjam saç idegini häzirki zaman tehnologiýalary bilen utgaşdyrýar. Gajetiň başlangyç bahasy 509 ýuan (takmynan 70 dollar) bolup, geljekde onuň bahasy 599 ýuana (85 dollar) çenli ýokarlandyrylar.
Täze enjam uçlary tegelenen 78 sany aýratyn «aýajyklar» bilen enjamlaşdyrylandyr. Olar aýlanmak arkaly professional owkalaýjynyň barmaklarynyň hereketini gaýtalaýarlar. Ulanyjylar üçin enjamda işiň alty sany funksiýasy göz öňünde tutulyp, ol «ýumşak» we «rahatlandyryjy» görnüşlerden başlap, «gyzdyryjy» funksiýa çenli öz içine alýar.
Enjama ornaşdyrylan grafen ulgamy kelle derisini aram ýylylyk bilen üpjün edýär, halka görnüşli gyzyl yşyklandyryş bolsa (tolkun uzynlygy 640–660 nm) gan aýlanyşyny gowulandyrmaga ýardam edýär. Mundan başga-da, daragyň gabarasynda bejeriji dermanly emler üçin 3 ml göwrümli ýörite gapjagaz ýerleşdirilendir. Suwuklyk gönüden-göni saçyň düýplerine goýberilýär.
«Mijia Smart Head Massage Comb» enjamy «Mi Home» ykjam goşundysy bilen sinhronlanýar. Onuň üsti bilen owkalamagyň güýjüni we taýmeri sazlap, şahsy ideg maksatnamalaryny döredip bolýar. Darak «IPX7» standartyna laýyklykda suwdan goralandyr, ýagny onuň özüni hem arkaýyn ýuwup bolýandyr. Enjamyň agramy 280 grama deň bolup, 2000 mAs göwrümli batareýasy bir gezek doly zarýad berlende 9 güne çenli awtonom işlemäge mümkinçilik berýär. Enjam «USB-C» porty arkaly energiýa alýar.