Raşid Meredow we Marko Rubio hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça tagallalara oňyn baha berdiler

MilliInfo
Raşid Meredow we Marko Rubio hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça tagallalara oňyn baha berdiler

19-njy oktýabrda Samarkant şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary Marko Rubionyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýtynda habar berildi.

Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça taraplaryň tagallalaryna oňyn baha berdiler. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň noýabr aýynda Waşingtonda geçirilen «C5+1» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň Sammitiniň bilelikdäki tagallalary berkitmekde möhüm tapgyr bolandygy bellenildi.

Özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we pugtalandyrmak maksady bilen, taraplar türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyna täze itergi bermäge gönükdirilen öňde boljak möhüm duşuşyklaryň we syýasy geňeşmeleriň tertibini kesgitlediler.

Gepleşiklere ABŞ-nyň Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, Ilçi Serjio Gor hem gatnaşdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info