Raşid Meredow we Sergeý Lebedew GDA-nyň Awazada boljak sammitlerine taýýarlygyň meselelerini maslahatlaşdy

MilliInfo

11 Sentýabr, 2026

Raşid Meredow we Sergeý Lebedew GDA-nyň Awazada boljak sammitlerine taýýarlygyň meselelerini maslahatlaşdy

10-njy sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy.

Gepleşikleriň dowamynda GDA-nyň gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy. 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Arkalaşykdaky başlyklygynyň ileri tutulýan ugurlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek, şeýle hem döwlet we ýokary derejedäki öňde boljak çäreleriň taýýarlygy bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi.

Taraplar GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 2026-njy ýylyň 7-nji we 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek mejlislerine taýýarlyk meselelerine aýratyn garadylar. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejedäki öňde boljak çäreleriň guramaçylyk meseleleri we olaryň gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu ýerde Arkalaşygyň çäklerinde özara gatnaşyklaryň mehanizmlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly meselelere hem garaldy.

Duşuşygyň ahyrynda GDA-nyň çäklerinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen konstruktiw gatnaşyklary we bilelikdäki işleri dowam etdirmäge taraplaryň umumy gyzyklanmalary tassyklanyldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info