Şu gün — 30-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýew bilen duşuşygy boldy.
Taraplar Türkmenistanyň TÜRKSOÝ bilen özara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini, hususan-da, 2026-njy ýyl üçin bilelikdäki iş meýilnamasynyň amala aşyrylyşyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Raşid Meredow TÜRKSOÝ-yň Baş sekretarynyň TÜRKSOÝ-yň opera günlerine hem-de görnükli türkmen kompozitory Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada bolan şu gezekki saparynyň ähmiýetini belledi. Şu nukdaýnazardan, türkmen medeniýetiniň gazananlaryny has-da ilerletmekde TÜRKSOÝ-yň alyp barýan işleri bellenilip geçildi. Türkmenistanyň medeniýet işgärlerine türki dünýäsiniň medeniýetiniň we sungatynyň ösmegine goşan goşantlary üçin berlen TÜRKSOÝ-yň baýraklarynyň ähmiýeti barada söhbet edildi.
Taraplar medeni-ynsanperwer gepleşikleri ilerletmek boýunça hyzmatdaşlygyň we bilelikdäki başlangyçlaryň diňe bir TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň halklarynyň arasynda däl, eýsem, beýleki döwletler bilen hem parahatçylygy we özara düşünişmegi berkitmäge ýardam edýändigini tassykladylar.
Sultan Raýew şu ýyl Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilen dabaralara, şol sanda ýurduň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramçylygyna gatnaşmaga berlin çakylyk üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi.