Yslamabat şäherinde Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Şahbaz Şarifiň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza döwletleriň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 30-njy mejlisine gatnaşýan wekiliýet baştutanlary bilen bilelikdäki duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edýän Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow gatnaşdy.
Duşuşyk Pakistanyň YHG-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän ýokary derejeli çäreleriň maksatnamasynyň bir bölegi bolup, sebit hyzmatdaşlygynyň geljekki gün tertibini kesgitleýän meseleler boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik döretdi.
Duşuşygyň dowamynda sebit döwletleriniň arasynda syýasy dialogy pugtalandyrmagyň, halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlary utgaşdyrmagyň, şeýle hem köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli meýdançasy hökmünde Guramanyň mümkinçiliklerini mundan beýläk-de doly peýdalanmagyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň bu çärä gatnaşmagy ýurdumyzyň sebit döwletleri bilen giň mazmunly syýasy dialogy goldamaga, halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen yzygiderli daşary syýasatyny görkezýär.
