Raşid Meredow Fransiýanyň täze bellenen ilçisi bilen duşuşyk geçirdi

MilliInfo

10 Sentýabr, 2026

Raşid Meredow Fransiýanyň täze bellenen ilçisi bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Alena Grand bilen duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ilçini täze wezipä bellenmegi bilen gutlady we oňa diplomatik işinde üstünlikler arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-fransuz gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy, şeýle hem halkara guramalaryň çäklerindäki özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Taraplar Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek maksady bilen bilelikdäki tagallalary etmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info