Raşid Meredow ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Elizabet Rud bilen duşuşyk geçirdi

MilliInfo

8 Ýanwar, 2026

7-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Rud bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gurallarynyň, hususan-da, ýyllyk syýasy geňeşmeleriň we «Türkmenistan — ABŞ» Işewürler geňeşiniň duşuşyklarynyň netijeliligi bellenildi.

Taraplar, hususan-da, amerikan kompaniýalarynyň Turkmenistandaky köp ýyllyk işleriniň netijeliligini we elektrik energiýasy, oba hojalygy we ulag ulgamlarynda, şol sanda «John Deere», «General Electric» we «Boeing» ýaly kompaniýalar bilen bilelikdäki işewürlik şertnamalarynyň durmuşa geçirilmegini aýratyn nygtadylar.

Diplomatlar bilim, ylym we medeniýet ugurlaryna üns berip, hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini döretmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen tarapy türkmen-amerikan medeni dialogyny ýola goýmak başlangyjyny beýan etdi.

Duşuşykda ýokary tehnologiýalar we bank-maliýe pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alşyldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info