UEFA Çempionlar ligasynyň 18-nji fewraldaky oýunlarynyň tertibi

MilliInfo

13 sagat öň

Şu gün — 18-nji fewralda UEFA Çempionlar ligasynyň 2025/2026-njy ýyllardaky möwsüminiň pleý-off tapgyrynyň dört duşuşygy geçiriler. Toparlar 1/8 finala çykmak ugrunda bäsleşýärler.

Oýun gününiň tertibi (Aşgabat wagty bilen):

22:45. «Garabag» (Azerbaýjan) — «Nýukasl Ýunaýted» (Angliýa);

01:00. «Olimpiakos» (Gresiýa) — «Baýer» (Germaniýa);

01:00. «Brýugge» (Belgiýa) — «Atletiko Madrid» (Ispaniýa);

01:00. «Býodo-Glimt» (Norwegiýa) — «Inter» (Italiýa).

Ýatlap geçsek, düýn hem dört duşuşyk geçirildi. Geçen oýun gününiň netijeleri:

  • «Galatasaraý» — «Ýuwentus» — 5:2
    Gabriel Sara (15'), Noa Lang (49', 75'), Dawinson Sançes (60'), Saşa Boý (86') — Týon Kopmeýners (16', 32').

  • «Borussiýa Dortmund» — «Atalanta» — 2:0
    Seru Girassi (3'), Maksimilian Baýer (42').

  • «Benfika» — «Real Madrid» — 0:1
    Winisius Žunior (50').

  • «Monako» — «PSŽ» — 2:3
    Folarin Balogun (1', 18') — Dezire Due (29', 67'), Aşraf Hakimi (41').

Jogap duşuşyklary bir hepdeden soň, ýagny 24-25-nji fewralda geçiriler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info