Düýn — 21-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan 2025-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi hem-de şu ýylda bu düzümleriň öňünde durýan esasy wezipeler kesgitlenildi.
Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol geçen ýylyň dowamynda “Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň” çäklerinde ýerine ýetirilen işler, Milli goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary gullukdan boşatmak, Türkmenistanyň raýatlaryny harby gulluga çagyrmak babatda geçirilen işleriň netijeleri barada aýdyldy.
Baş prokuror B.Muhamedow prokuratura edaralary tarapyndan 2025-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak arkaly bu düzümiň işini döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň berjaý edilişine talabalaýyk gözegçiligi amala aşyrmak, prokuratura edaralarynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça işler alnyp baryldy.
Içeri işler ministri M.Hydyrow ýolbaşçylyk edýän düzümleri tarapyndan 2025-nji ýylda ýurdumyzda jemgyýetçilik düzgün-tertibini üpjün etmek, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak, ýangyn howpsuzlygynyň we ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçilik etmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan geçen ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri, hususan-da, kazyýet ulgamyny ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleriň ýerine ýetirilişi, kazylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, kazyýet işine sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ornaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilen çäreler barada hasabat berdi.
Milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew 2025-nji ýylda ýurdumyzda parahatçylygy, asudalygy we jemgyýetçilik hukuk tertibini üpjün etmek hem-de düzümiň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça durmuşa geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan geçen ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri, serhet bölümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, Watan goragçylary üçin talabalaýyk gulluk, ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek babatda görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem Döwlet serhet gullugynyň başlygy Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň gatnaşmagynda açylyp ulanmaga berlendigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Ý.Nuryýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy wezipesinden boşatdy. Hormatly Prezidentimiz bu wezipä I.Ilamanowy belläp, ony Döwlet serhet gullugynyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.
I.Ilamanow harby kasama wepalylygyň nyşany hökmünde Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna tagzym edip, halkymyza, Watanymyza, hormatly Prezidentimize ygrarlylyk barada dabaraly kasam etdi.
Adalat ministri M.Taganow milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça 2025-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle-de raýatlaryň hukuklary we borçlary barada wagyz-nesihat işlerini geçirmek, ilata degişli hukuk kömegini bermek babatda alnyp barlan işler barada aýdyldy.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew geçen ýyl bu düzümiň işine täze tehnologiýalary hem-de üstaşyr geçýän ýüklere gözegçiligi amala aşyrmakda häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmagyň netijeleri, gullugyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi.
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow 2025-nji ýylda ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan alnyp barlan işleriň netijeleri, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, gullugyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek hem-de bu düzümi ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzda her ýylyň 27-nji ýanwarynda Watan goragçylarynyň gününiň dabaraly bellenilip geçilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ata Watanymyza wepaly gulluk edip, onuň mukaddes Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny ygtybarly goramagyň, kanunçylygy üpjün etmegiň, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny, kanuny bähbitlerini, jemgyýetiň, döwletiň bähbitlerini goramagyň Watan goragçylarynyň mukaddes borjudygyny belläp, olaryň bu borjy ak ýürekden, yhlas bilen ýerine ýetirjekdiklerine ynam bildirdi hem-de mejlise gatnaşyjylary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ähli harby gullukçylaryny, işgärlerini ýetip gelýän Watan goragçylarynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlady.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, howpsuzlygy, jemgyýetçilik we hukuk tertibini üpjün etmäge goşan şahsy goşantlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Watan goragçylarynyň güni mynasybetli, harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryny, işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak, olara harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejelerini bermek barada karara gelendigini aýdyp, degişli Permanlara gol çekdi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.