«Türkmennebit» döwlet konserni hemişelik Bitaraplygymyzyň şöhratly 30 ýyllyk baýramyny hem-de Halkara Bitaraplyk gününi ajaýyp zähmet sowgatlary bilen garşylaýar.
Ýurdumyzda iň iri önümçilik-hojalyk pudagy bolan bu toplum berkarar Watanymyzda nebit-gaz ýataklaryny gözläp tapmakda, olary senagat taýdan işläp taýýarlamakda ägirt uly işleri üstünlikli amala aşyrýar.
«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri birkemsiz durmuşa geçirmekde döwlet konserniniň Balkan welaýatyndaky önümçilik düzümleri has-da saldamly hyzmatlary bitirýärler. Hünärmenleriň gürrüň berşi ýaly, öňdebaryjy kärhanalaryň hatarynda konserniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň zähmet toparlaryny görkezmek bolar. Ýakynda olar hemişelik Bitaraplygymyzyň şöhratly 30 ýyllyk baýramyna sowgat hökmünde Hazar deňziniň kenarýaka zolagynda ýerleşýän Uzynada käninde birbada üç guýynyň gazuw işlerini üstünlikli tamamlap, ulanyşa tabşyrdylar.
Trestiň «Goturdepe» buraw işleri müdirliginiň burawlan 72-nji we 86-njy ulanyş guýularyndan bir gije-gündizde degişlilikde 44 we 43 tonna gaz kondensatynyň alynýandygy has-da guwandyryjydyr. Şeýle-de Ekerem buraw işleri müdirliginiň burawlaýjylarynyň Uzynada käninde burawlan, taslama çuňlugy 6800 metr bolan 87-nji ulanyş maksatly guýusy hem bir gije-gündizde 45 tonnadan gowrak gaz kondensatyny berýär. Önümli guýylar hem tehniki-sazlaýyş işlerinden soň, konserniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Gumdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň nebitçilerine ulanyşa berildi.
Ýeri gelende bellesek, guýylaryň gazuw işlerinde hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasyndan satyn alyp beren «ZJ70DB» kysymly buraw desgalary ulanyldy. Bu bolsa senagat kärhanasy tarapyndan alynýan gymmatly çig mallaryň möçberleriniň artdyrylmagyna aýgytly täsirini ýetirdi. Işleriň häzirki depgini hem olaryň mundan beýläk-de öndürijilikli zähmet çekip, belent sepgitlere ýetjekdiklerine bolan mizemez ynamy has hem pugtalandyrýar.