Türkmen biotehnologlary bejeriş-öňüni alyş maksatly innowasion hamyrmaýasyz çörek önümlerini işläp düzdüler. Täze funksional önümiň esasynda biohimiýanyň öňdebaryjy gazananlary we türkmen halk lukmançylygynyň baý tejribesi ýatyr.
Tehnologiýanyň esasy aýratynlygy düzümiň düýpli üýtgedilmegidir. Adaty un binýady berkidiji gurluş hökmünde 5–10 göterime çenli azaldyldy, düzümiň 90–95 göterimini bolsa iň gymmatly tebigy bioserişdeler eýeleýär.
Bu önüm iýmit bilen bagly kesellere, semizlige, süýji keseliniň ikinji görnüşine we madda çalşygynyň bozulmalaryna garşy göreşmäge niýetlenendir. Hamyrdan (hamyrmaýadan) doly ýüz öwrülmegi disbiotik ýagdaýlaryň we aşa gaz emele gelmeginiň öňüni almaga mümkinçilik berýär.
Galyndysyz önümçilik konsepsiýasynyň çäklerinde, çöregiň düzümine sebitiň özboluşly ikinji derejeli we ýabany ösýän serişdeleri goşuldy. Mysal üçin, gawunyň, garpyzyň we kädiniň eti, çigidi hem-de owradylan sykyndysy önümi ýeňil özleşdirilýän ösümlik belogy, beta-karotin, sink we pektinler bilen baýlaşdyrýar. Olar organizmden toksinleri, radionuklidleri we artykmaç holesterini çykarmaga ýardam edýär.
Üzüm sykyndysy damar diwarlaryny berkitmäge we aterosklerozyň öňüni almaga ýardam edýän resweratroluň hem-de polifenollaryň çeşmesi bolup hyzmat edýär. Bugdaý we arpa kepegi bolsa önümi içegeleriň işini kadalaşdyrýan (peristaltikany bökdençsizleşdirýän) we dokluk duýgusyny uzaldýan eremeýän iýmit süýümleri bilen üpjün edýär.
Prebiotik täsir iýmit siňdiriş ulgamynyň mikroflorasyny dikeldýän we glikemiki indeksi peseldýän topinamburdan (ýer almasyndan) we hylbadan alynýan inuliniň hasabyna gazanylýar. Mundan başga-da, sarymsagyň, semizotuň (omega-3 çeşmesi), buýan köküniň, itburnuň, kekräniň we narpyzyň mikro-tozy antioksidant, immunomodulirleýji bolup, sowuklama garşy täsir edýär.
Funksional hamyrsyz çöregiň döredilmegi ýurdumyzyň öňüni alyş lukmançylygyny we dietologiýasyny ösdürmekde täze mümkinçilikleri açyp, gündelik iýmit önümini ilatyň saglygyny berkitmegiň netijeli guralyna öwürýär. Taslamanyň üstünde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hünärmenleri, habarçy agza, himiýa ylymlarynyň doktory Durdymyrat Gadamowyň we biotehnologiýalar barlaghanasynyň müdiri Altyn Rahmanowanyň ýolbaşçylygynda işlediler.
