Türkmenistanyň ulag-kommunikasiýa toplumynyň ösüşi: ýarym ýylyň jemleri we geljekki wezipeler

MilliInfo
Türkmenistanyň ulag-kommunikasiýa toplumynyň ösüşi: ýarym ýylyň jemleri we geljekki wezipeler

10-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Annaýew gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ulag-aragatnaşyk toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 113,9 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 103,1 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa 102,9 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 106,8 göterime, Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 120,3 göterime, “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 118,1 göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça bu görkeziji 100,3 göterime, Aragatnaşyk ministrligi boýunça 115,3 göterime barabar boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ulag-aragatnaşyk toplumynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň, ýolagçylary gatnatmagyň, ýükleri daşamagyň möçberini artdyrmak we bu ugurda ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak boýunça netijeli işleri alyp barmagyň zerurdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz demir ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny artdyrmak hem-de döwrebaplaşdyrmak işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, halkara awtomobil ýollary bilen ýük daşamagy, üstaşyr gatnawlary ösdürmegi, ýurdumyzdan geçýän üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmekde halkara hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Halkara howa menzillerini netijeli ulanmagyň, uçarlaryň düzümini yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen daşalýan ýükleriň möçberini artdyrmak üçin zerur işleri geçirmegiň, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda gämigurluşyk işlerini netijeli alyp barmagyň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamyny hem döwrüň talabyna görä döwrebaplaşdyrmak, bu ugurda täze hyzmatlary ýola goýmak boýunça işleri güýçlendirmegiň möhümdigini aýtdy we bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info