«Real» «Barselonany» 2:1 hasabynda ýeňdi

MilliInfo

12 sagat öň

Şu gün — 26-njy oktýabrda Madridiň «Real» topary Ispaniýanyň La Ligasynyñ 10-njy tapgyrynda öz meýdançasynda «Barselonany» kabul etdi. Duşuşyk Madridiň «Santiago Bernabeu» stadionynda geçirildi we 2:1 hasabynda ýer eýeleriniñ peýdasyna tamamlandy.

Oýnuň 21-nji minutynda «Realyñ» fransiýaly hüjümçisi Kilian Mbappe derwezeçi bilen bire-bir çykyp gol geçirdi we toparyny öňe çykardy. 38-nji minutda «Barselona» toparynyň oýunçysy Fermin Lopes dürs urgusy bilen hasaby deňledi.

Şondan bäş minut soňra «Real» topary garşydaşyň jerime meýdançasynda netijeli hereket edip öňe çykdy — bu gezek ýarymgoragçy Jud Bellingem (43-nji minut) tapawutlandy.

52-nji minutda «Barselonanyň» derwezeçisi Woýseh Şesny Kilian Mbappeniň penaltisini saklady.

Oýnuň 90+10-njy minutynda «Barselonanyň» ýarymgoragçysy Pedri ikinji sary karty alyp, meýdançadan çykaryldy.

Şeýdip, «Real» soňky bäş «el klasiko» duşuşygynda ilkinji ýeňşini gazandy. Madridiň topary soňky gezek «Barselonany» 2024-nji ýylyň aprel aýynda ýeňipdi.

Bu ýeňişden soň «Real» 27 utuk toplap, La Liganyň ýaryş tertibinde eýeleýän birinji ornuny berkitdi. «Barselona» bolsa 22 utuk bilen ikinji ýerde galdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo