7-nji ýanwarda Saud Arabystanynyň Jidda şäherinde Ispaniýanyň Superkubogy — 2026 ugrundaky ýaryşa badalga berler. Kubok ugrunda iň güýçli klublaryň dördüsi bäsleşer.
Haýsy klublar Kubok ugrunda göreşer?
7-nji ýanwarda geçiriljek ilkinji ýarym finalda «Barselona» bilen Bilbaonyň «Atletik» topary duşuşar. Oýun «Матч ТВ» teleýaýlymy arkaly göni efirde görkeziler. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 23:55-de başlanar.
8-nji ýanwarda bize Madrid derbisi — «Atletiko» hem-de «Real» duşuşygy garaşýar. Bu duşuşyk hem sagat 23:55-de başlanar. Oýna «Матч» holdinginiň teleýaýlymlarynda göni ýagdaýda tomaşa edip bilersiňiz.
Final
Nobatdaky «el-klasiko» bolarmy? Bu sowalyň jogabyny biz 11-nji ýanwarda, ýagny kubogyň eýesini kesgitlenjek final duşuşykda bileris. Duşuşyk «Матч ТВ» teleýaýlymynda 23:55-de göni efirde görkeziler.
Ýeri gelende ýatlasak, Ispaniýanyň Superkubogy — 2025 ýaryşy hem Saud Arabystanynda geçirilipdi. Şonda finalda Madridiň «Realyny» 5:2 hasabynda ýeňen «Barselona» ýeňiji bolupdy.
Katalonyň kluby ýurduň Superkubogyny iň köp gazanan rekordçy topardyr. «Barselona» bu ýaryşda 15 gezek ýeňiş gazandy. «Reala» bolsa Superkubogy öz muzeýine alyp gitmek 13 gezek başardypdy.
