Çempionlar Ligasynyň nobatdaky tapgyry ýetip gelýär — 8-nji aprele geçilýän gije futbol janköýerlerine örän gyzykly we çekeleşikli duşuşyk garaşýar: 1/4 finalyň ilkinji oýnunda «Real Madrid» öz futbol meýdanynda «Bawariýany» kabul edýär.
Oýuň Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlanar.
«Real» adatça pleý-off tapgyrynda özüniň iň ýokary ukyplaryny görkezýär. Belläp geçsek, madridliler mýunhenlileri yzygiderli ýagdaýda hut şu tapgyrda ýaryşdan çykaryp gelýärler:
2014 — iki oýnuň netijesi boýunça 5:0;
2017 — 6:3 hasabyndaky ýeňiş;
2018 — 4:3 hasaby bilen indiki tapgyra geçiş;
2024 — ýene-de ýeňiş (umumy hasap 4:3).
Emma «Bawariýanyň» häzirki wagtda 13 oýundan bäri dowam edýän ýeňlişsiz tapgyryny hem unutmak bolmaz. Bu duşuşyklaryň 11-si ýeňiş, 2-si deňlik bilen tamamlandy. Şol sebäpli hem, bize örän gyzykly we garaşylmadyk pursatlara baý oýun garaşýar.
«Arsenal» — «Sporting»
Şol agşam Londonyň «Arsenaly» öz meýdanynda Portugaliýanyň «Sporting» toparyny kabul eder.
Şu wagta çenli toparlaryň arasynda ýedi sany resmi duşuşyk geçirildi. «Sporting» heniz bir gezek hem bu garşydaşyndan üstün çykyp görmedi: geçirilen oýunlaryň 3-sinde «Arsenal» ýeňiş gazandy, 4 duşuşyk bolsa deňme-deň tamamlandy. Iň soňky özara oýunda «Arsenal» 5:1 hasabynda ynamly ýeňiş gazanypdy.
Bu duşuşyk hem gije sagat 00:00-da başlanar.