«Real» – «Bawariýa» 1:2. Dias bilen Keýn bütin «Santýago Bernabeuny» lapykeç etdi

MilliInfo

2 sagat öň

«Bawariýa» «Real» bilen geçiren soňky 10 duşuşygynda ilkinji ýeňşini gazandy we UEFA Çempionlar ligasynyň çärýek finalyndaky ýiti gapma-garşylykda öňe saýlandy.

Winsan Kompaniniň şägirtleri oýnuň ilkinji minutlaryndan maksadaokgunly hereket etdiler. Bundesliganyň wekilleri birinji ýarymyň tamamlanmagyna az wagt galanda hasaby açmagyň hötdesinden geldiler. Serž Gnabriniň takyk pasyny wagtynda we dürs kabul eden Luis Dias 41-nji minutda topy derwezäniň aşaky sag burçuna gönükdirdi — 0:1.

Ikinji ýarymyň başlanmagyndan bary-ýogy 30 sekunt geçensoň bolsa myhmanlar ýene-de tapawutlandylar. Bu gola Maýkl Oliseniň geçiren topuny jerime meýdançasynyň çyzygyndan derwezä takyk gönükdiren Garri Keýn awtorlyk etdi.

Ýer eýeleri hüjümlerini artdyrdylar we bu ýagdaý bütin «Santýago Bernabeuda» umyt döretdi. Winisius Žunioryň depen topy derwezäniň torunyň daş tarapyna galtaşsa, Kilian Mbappeniň urgusyny saklamak üçin Manuel Noýeriň bir eli hem ýeterlik boldy.

Muňa garamazdan, şondan kän wagt geçmänkä, fransiýaly hüjümçi özüni görkezmegi başardy. Ol Trent Aleksander-Arnoldyň ýerden geçiren pasyny gola (45-nji minut) öwürdi.

Şondan soň hem toparlarda gol geçirmäge mümkinçilikler boldy. Ätiýaçlyk oturgyjyndan oýna giren Jamal Musialanyň uran topy derwezäniň sütüniniň golaýyndan geçdi. Mbappeniň jerime meýdançasynyň gyrasyndan uran güýçli urgusy hem netije bermedi.

Şunlukda, «Real» bilen «Bawariýanyň» Çempionlar ligasynyň çärýek finalynyň çägindäki birinji oýny 1:2 hasabynda myhmanlaryň — mýunhenlileriň peýdasyna tamamlandy.

Şol gün liganyň çärýek finalynyň çäginde ýene bir duşuşyk geçip, onda Londonyň «Arsenaly» myhmançylykda «Sportingi» ýeňdi — 0:1.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info