«Real» — «Inter» oýnunyň başlanjak wagty we görkeziljek teleýaýlymlary

MilliInfo

1 sagat öň

«Real» — «Inter» oýnunyň başlanjak wagty we görkeziljek teleýaýlymlary

8-nji sentýabrda, hepdäniň ikinji güni Çempionlar ligasynda türkmen janköýerlerinde gyzyklanma döretjek duşuşyk geçiriler.

 «Real» La Liganyň soňky oýunda «Betisden» 0:1 hasabynda ýeňildi. Muňa garamazdan, Çempionlar ligasynda madridliler düýpgöter başga oýun görkezmegi başarýalar. «Inter» bu möwsümde ýokary depginde çykyş edýär. Italiýanyň çempionatynyň ahyrky duşuşykda «Napolini» 3:2 hasabynda utdy. Garaz, Žoze Mourinýonyň klubuna aňsat bolmaz.  

Oýna türkmenistanly futbol muşdaklary üçin «IPTV-de» elýeterli bolan «Varzish TV» we «Football HD» teleýaýlymlarda göni ýaýlymda tomaşa edip bileris. Madriddäki duşuşyk 8-nji sentýabrda  Aşgabat wagty bilen sagat 23:55-de başlanar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info