Şenbe güni La Ligada geçirilen «Real Madrid» we «Real Sosýedad» duşuşygynda oýnuň baş emini «Real Madridiň» goragçysy Din Hýoýsene 32-nji minutda eden hereketi üçin gyzyl kart görkezdi. Emin Hesus Hil Mansano gol bolup biljek pursata gödek päsgel berendigi üçin futbolçyny meýdandan çykardy. Duşuşygy 10 futbolçy bilen tamamlandygyna garamazdan, «Real Madrid» bu duşuşygy 2:1 hasabynda 3 utuk bilen tamamlady.
Emma waka bu ýerde tamamlanmady. «Real Madrid» kluby Din Hýoýsene görkezilen gyzyl kartyň nädogrydyndan şikaýat edýär.
«Real Madridiň» baş tälimçisi Hawi Alonso bu mesele baradaky pikirini KHBS-iň wekilleri bilen paýlaşdy: «Real Sosýedad» klubunyň kapitany Maýkl Oýarzabal gol geçirmeli derwezesinden 40 metr uzakda we özüniň deňagramlylygyny saklap bilmän ýykyldy. Men WAR sistemasyndaky kameralara hem seretdim, emin diňe sary duýduryş hem berip bilerdi».
Duşuşyk wagtynda eminiň gelen bu netijesinden nägiledigini bildiren Hawi Alonso hem sary duýduryş aldy. Şeýlelik bilen, «Real Madrid» ispaniýaly eminleriň ýygy-ýygydan şeýle ýalňyş netijelere gelýändigi üçin, resmi arza bilen FIFA ýüz tutmak isleýär. Klubuň wekilleri arzanyň içine geçen möwsümden şu güne çenli Ispaniýada geçirilen duşuşyklarda eminleriň ýalňyş çözgütlerini äşgär edýän dellilleri hem goşjakdyklaryny mälim etdiler. Şeýle etmek bilen, «Real Madrid» FIFA tarapyndan eminleriň futbol meýdançasynda dogry netijeleri çykarmagyny gazanmak isleýär.
